Habarlar

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasy Magtymgulynyň goşgularynyň italýan dilindäki birinji ýygyndysy bilen tanyşdyrarTürkmenistanyň diplomatik wekilhanasy Magtymgulynyň goşgularynyň italýan dilindäki birinji ýygyndysy bilen tanyşdyrar

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasy Magtymgulynyň goşgularynyň italýan dilindäki birinji ýygyndysy bilen tanyşdyrar

Türkmenistanyň Italiýadaky ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň italýan dilindäki ilkinji ýygyndysynyň tanyşdyrylyşyny geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada medeniýet we KHBS boýunça türkmen hökümetiniň wise-premýeri Mährijemal Mämmedowa özüniň Italiýa saparynyň barşynda beýan etdi – diýip, ýurduň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Gyrgyzystanda çig nebitiň çykarylyşynyň möçberi artdyGyrgyzystanda çig nebitiň çykarylyşynyň möçberi artdy

Gyrgyzystanda çig nebitiň çykarylyşynyň möçberi artdy

Gyrgyzystanda çig nebitiň çykarylyşynyň möçberi artdy – diýip, Trend bu ýurduň statistika maglumatlarynyň çeşmesine salgylanyp, habar berýär. Şeýlelikde, 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Gyrgyzystanda gara altynyň 97 müň 800 tonnasy gazylyp alyndy. Bu geçen ýylyň degişli döwrüniň görkezijileri bilen deňeşdirilende 4,3% köpdür. Şonda bu Merkezi Aziýa ýurdunyň nebit ýataklaryndan 93 müň 800 tonna çig nebit alnypdy.

Ýaş türkmen küştçileri Batumide geçirilen dünýä çempionatyna üstünlikli başladylarÝaş türkmen küştçileri Batumide geçirilen dünýä çempionatyna üstünlikli başladylar

Ýaş türkmen küştçileri Batumide geçirilen dünýä çempionatyna üstünlikli başladylar

Ýaş türkmen çempiony Batumide (Gruziýa) geçirilen küşt boýunça dünýä çempionatynda ilkinji oýunlary oýnady. Türkmenistanyň iň oňat 12 küştçisi (6 gyz we 6 oglan) 8 ýaşdan 18 ýaşa çenli ýaş kategoriýalaryna gatnaşýar. Bäsleşik, «çalt» wagt gözegçiligi düzgüni bilen geçirilýär, ýagny onda her oýunça her hereket üçin 10 sekunt goşmak bilen 15 minut berilýär.

Türkmenistan AHHG-ny Aral deňzinde tagallalary birleşdirmäge ukyply ýeke-täk gurama hökmünde görýärTürkmenistan AHHG-ny Aral deňzinde tagallalary birleşdirmäge ukyply ýeke-täk gurama hökmünde görýär

Türkmenistan AHHG-ny Aral deňzinde tagallalary birleşdirmäge ukyply ýeke-täk gurama hökmünde görýär

— Araly halas etmek boýunça halkara gaznasy, Aral deňziniň guramagynyň ýaramaz netijelerini ýeňip geçmek we Aral deňziniň sebitindäki ekologiki, durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak üçin ýurtlaryň tagallalaryny birleşdirmäge ukyply ýeke-täk sebit guramasydyr, - diýip Türkmenistanyň wise- premýeri Annageldi Ýazmyradow sişenbe güni «Merkezi Aziýa: güýçli sebit instituty arkaly durnukly geljege tarap» konferensiýada eden çykyşynda aýtdy.

National Geographic Qazaqstan ekspedisiýasy «Marsian peýzažlary» surat taslamasyny taýýarlaýarNational Geographic Qazaqstan ekspedisiýasy «Marsian peýzažlary» surat taslamasyny taýýarlaýar

National Geographic Qazaqstan ekspedisiýasy «Marsian peýzažlary» surat taslamasyny taýýarlaýar

«National Geographic Qazaqstan» žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan Aktau şäher häkimliginiň goldawy bilen gurnalan «Marsian peýzažlary» ekspedisiýasy Mangystau welaýatynda syýahatçylygyň ösüşini görkezmek üçin surat materiallaryny taýýarlar. Suratlar sebitiň aýratyn tebigaty we täsin landşafty barada gürrüň berer diýip, «Gazagystanskaýa Prawda» neşiri habar berýär.

Tbiliside Türkmenistanyň we Gruziýanyň ulag we energetika infrastrukturasyny ösdürmek boýunça taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldyTbiliside Türkmenistanyň we Gruziýanyň ulag we energetika infrastrukturasyny ösdürmek boýunça taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy

Tbiliside Türkmenistanyň we Gruziýanyň ulag we energetika infrastrukturasyny ösdürmek boýunça taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy

Duşenbe güni Tbiliside Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen- gruzin toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejede alnyp barylýandygyny belläp geçdiler, şeýle-de iki ýurduň arasyndaky köpmaksatlaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi – diýlip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.