Habarlar

Leýla Şöhradowa küşt boýunça dünýä çempionatynda bürünç medal aldyLeýla Şöhradowa küşt boýunça dünýä çempionatynda bürünç medal aldy

Leýla Şöhradowa küşt boýunça dünýä çempionatynda bürünç medal aldy

Anna güni, 8-nji iýunda, Gruziýanyň Batumi şäherinde tamamlanan «çalt» küşt boýunça dünýä çempionatynda 16 ýaşa ýetmedik gyzlar kategoriýasynda Lebap welaýatyndan mekdep okuwçysy Leýla Şöhradowa üçünji orny eýeledi. Zenanlaryň arasynda FIDE ussat kandidaty ady bilen Leýla mümkin bolan 11 nutukdan 8 nutuk toplap, ýeňiji Aleksandr Şwedowadan (Russiýa) bary-ýogy bir nutuk, kümüş medal gazanan Kseniýa Normandan (Belarus) ýarym nutuk yzda galdy.

Gyrgyzystan GDA we Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine (EAEU) agza ýurtlaryň ýaş telekeçiler forumyny geçirmegi teklip etdiGyrgyzystan GDA we Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine (EAEU) agza ýurtlaryň ýaş telekeçiler forumyny geçirmegi teklip etdi

Gyrgyzystan GDA we Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine (EAEU) agza ýurtlaryň ýaş telekeçiler forumyny geçirmegi teklip etdi

Gyrgyzystan GDA we Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine (EAEU) agza ýurtlaryň ýaş telekeçiler forumyny geçirmegi teklip edýär. “Şeýle ädim ýewraziýa integrasiýasyny berkitmäge ýardam eder” – diýip, Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birinji orunbasary Adylbek Kasymaliýew Soçide Arkalaşygyň we EAEU-nyň ýaşlary bilen geçirilen duşuşykda aýtdy. Bu barada Gyrgyzystanyň hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär.