

Türkmenistan Hytaýa tebigy gazyň eksportyny ýanwar-maý aýlarynda 13,5% artdyrdy
Türkmenistan Hytaýa turba geçiriji arkaly gaz ugratmakda öňdebaryjy orny eýelemegini dowam edýär. Ýanwar-maý aýlarynda Hytaýa 4,25 mlrd dollarlyk türkmen «mawy ýangyjy» iberildi (ösüş 13,5%-e golaý). Bu barada HHR-iň Baş gümrük müdirligi habar berdi.



















