

Daşkentde Futzal boýunça 2024-nji ýylyň dünýä çempionaty geçiriler
2024-nji ýylda Futzal boýunça dünýä çempionaty Özbegistanda geçiriler. Bu barada Özbegistanyň Futbol assosiasiýasyna salgylanýan Uz Daily habar berýär.


2024-nji ýylda Futzal boýunça dünýä çempionaty Özbegistanda geçiriler. Bu barada Özbegistanyň Futbol assosiasiýasyna salgylanýan Uz Daily habar berýär.


Anna güni Aşgabatda türkmen-litwa DIM-ara geňeşmeleri geçirildi. Iki ýurduň wekiliýetlerine wise-ministrler Wepa Hajiýew we Mantas Adomenas ýolbaşçylyk etdi.


Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Italiýanyň ilçisi, Daşary işler ministrliginiň Syýasy meseleler boýunça baş müdirliginde Merkezi Aziýa boýunça utgaşdyryjy Džanluka Grandiniň ýolbaşçylygyndaky italýan wekiliýeti bilen gepleşikleri geçirdi.


Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida ýurduň daşary işler ministrligine Ýaponiýanyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyny guramak boýunça meseleleri öwrenmegi tabşyrdy.


Ýapon alymlary agaçdan edilen hemrany kosmosa uçurmaga taýýarlanýarlar. Şuňa meňzeş taslamany Kioto uniwersitetiniň we Sumitomo Forestry startapynyň alymlar topary işläp düzýärler.


Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlan Aşgabat şäherinden we Ahal welaýatyndan bolan uçurymlar Arkadag şäherine işe ýollanar. Bu baradaky degişli Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow 24-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde gol çekdi.


Moskwa şäherinde daşary işler ministrlikleriniň wekilleriniň arasynda geçirilen syýasy geňeşmeleriň barşynda Türkmenistanyň we GDA ýurtlarynyň wekilleri halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.


Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçnek Omuraliýew 29-30-njy iýunda Arkadag şäheriniň açylyşyna gatnaşmak üçin Türkmenistanda saparda bolar.


Aşgabatda adam hukuklary boýunça Mekdebiň çäklerinde maýyplygy bolan ýaşlar üçin üçünji okuw geçdi. Ol BMG-nyň adam hukuklary boýunça Ýokary komissarlygynyň Merkezi Aiýa boýunça sebitleýin bölümi tarapyndan gurnaldy.


Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçisi Muhammetgldi Aýazow Ermenistanyň jemgyeýtçilik telewideniýesini döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň açylyşy hakynda reportaž taýýarlamaga çagyrdy.


Türkmenistanyň bäş welaýatynda surda terjimäniň (alamat diline terjimäniň) tölegsiz hyzmatlary berilip başlandy.


Ýewropada, Aziýada, Demirgazyk we Günorta Amerikada işleýän “Rhenus Logistics” nemes logistik kompaniýasy Gazagystan Demirýollary (KTŽ) bilen bilelikde Hazaryň Aktau we Kuryk portlarynda geçiriş kuwwatyny, has giň Hazar sebitindäki logistika merkezlerini we Aktauda konteýner merkezini ösdürmegi maksat edinýär. Olar Orta geçelgäniň üsti bilen, ýagny Transhazar halkara ulag ýoly arkaly has köp üstaşyr ýükleri çekmek isleýärler.


Özbegistanda «Dogry iýmitlenmek we sagdyn durmuş ýörelgesi» atly tutuş ýurt boýunça hereket başlaýar. UzA agentliginiň habaryna görä, bu ädim Prezident Mirziýoýewiň «Täze Özbegistanyň 2022-2026-njy ýyllar üçin «Adamyň we ýokary hilli bilim aladasy ýylynda» ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça döwlet maksatnamasy» baradaky kararyna laýyklykda ädildi.


Türkmenistanda Türkiýe döwletleriniň Medeniýet hepdeligi geçirilýär. Onuň açylyş dabarasy şenbe güni, 24-nji iýunda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda bolar.


Türkmenistanda innowasiýa taslamalarynyň nobatdaky bäsleşigi – höwesi, başarnyklary we batyrgaý pikirleri maglumat jemgyýetiniň ösüşiniň köp işine, zähmeti awtomatlaşdyrmakdan, amatly we ýönekeý ulanyjy hyzmatlaryndan ýaşyl geçiş we «akylly şäher» ulgamlaryna çenli günüň köp derejeli wezipeleri bilen bilim ykdysadyýetiniň kemala gelmegine täze ruh goşup biljek ýaşlaryň we tejribesiz programmistleriň arasynda «Sanly çözgüt 2023» başlaýar.