

Türkmenistan Nýu-Ýorkda durnukly şäher ulagy boýunça çäräni geçirdi
BMG-nyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda geçýän durnukly ösüş boýunça ýokary derejedäki Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy «Durnukly şäher ulagy: BMG-nyň Baş assambleýasynyň durnukly ulag boýunça ýokary derejeli Mejlisine taýýarlyk we DÖM-nyň 11-njisini ýerine ýetirmek üçin Arkadag şäheriniň modeli» temasyndan çäräni gurnady. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.



















