HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Pariž-2024 sportyň durmuş-ykdysady täsirini güýçlendirmäge çalyşýar

Iýul 18, 2023 | 13:54 |4642
2024-nji ýylda Parižde boljak Tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlygyň doly dowam edişi ýaly, gurnaýjylar ýaryşlaryň ykdysady ösüşe, deňsizligiň azaldylmagyna we iş üpjünçiligine ýardam etmek mümkinçiligini peýdalanmak üçin ähli tagallalary edýärler.2024-nji ýylda Parižde boljak Tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlygyň doly dowam edişi ýaly, gurnaýjylar ýaryşlaryň ykdysady ösüşe, deňsizligiň azaldylmagyna we iş üpjünçiligine ýardam etmek mümkinçiligini peýdalanmak üçin ähli tagallalary edýärler.
Çeşme: bangkokbook.ru

2024-nji ýylda Parižde boljak Tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlygyň doly dowam edişi ýaly, gurnaýjylar ýaryşlaryň ykdysady ösüşe, deňsizligiň azaldylmagyna we iş üpjünçiligine ýardam etmek mümkinçiligini peýdalanmak üçin ähli tagallalary edýärler.

Iş üpjünçiligi Pariž-2024 Oýunlarynyň ileri tutýan wezipesidir. Özüniň işe ýerleşdirmek strategiýasyny işläp düzmek üçin ýaryşlaryň guramaçylyk komiteti kärdeşler arkalaşyklaryny, işe alýanlary, döwlete degişli edaralaryň wekillerini, syýahatçylyk babatyndaky hünärmenleri, jemgyýetçilik iýmitiniň wekillerini bu işe çekdi.

2018-nji ýylda Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek kärdeşler arkalaşyklary we iş berijiler bilen Durmuşy hartiýa ylalaşylypdy. Onuň maksady Oýunlary kiçi we orta kärhanalar, jemgyýetiň işsiz gowşak gatlaklary üçin mümkinçilikleriň başlangyjy hökmünde ulanmakdyr.

Hartiýanyň ýerine ýetirilmeginiň çäklerinde ýörite web-maksatnama (EMPLOIS 2024) döredildi, onda Oýunlar bilen baglanyşykly bar bolan ähli boş iş orunlary sanalandyr. Onlaýn-resurs şeýle hem gerekli bolan okuwa elýeterligi üpjün edýär.

«2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryny gurnaýjylaryň sportyň hemmeler üçin durmuşy-ykdysady mümkinçilikleri döretmek güýjüni peýdalanmak boýunça göz ýetirişi Oýunlaryň başlanmagyna bir ýyldan hem köp wagt galanda öz miwesini berip başlady» — diýip, durnukly ösüş boýunça Halkara olimpiýa komitetiniň direktory Mari Salua aýtdy.

Döwletiň goldaw bermeginde durmuşy innowasiýalar üçin Impact 2024 haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Gazna saglygy, abadançylygy, inklýuziwligi berkitmek we daşky gurşawyň ýagdaýyny gowulandyrmak üçin sporty peýdalanýan taslamalary goldaýar.

2020-nji ýyldan başlap 1000-den gowrak taslama 38,7 mln ýewro möçberinde maliýeleşdirme aldylar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026