

“Ussat bagban” atly bäsleşigiň jemi jemlendi
Aşgabat şäherindäki “Altyn ýyldyz” medeni-dynç alyş merkezinde “Ussat bagban” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.


Aşgabat şäherindäki “Altyn ýyldyz” medeni-dynç alyş merkezinde “Ussat bagban” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.


Türkmenistanyň Döwlet energetika institutunyň “Gaýtdan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleri mikroorganizmleriň kömegi bilen biologik usulda lagym suwlaryny arassalamak boýunça ylmy-barlag işine girişdiler.


25-nji awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Amanow bilen Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň energetika ministri Ž.Mirzamahmudowyň arasynda duşuşyk geçirildi.


Hytaýyň Urumçi şäherinde geçirilen iki günlük "Durnukly ykdysady ösüş üçin sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak" forumyna Türkmenistan bilen birlikde dünýäniň dürli künjeklerinden 150-den gowrak işgär, bilermen, alym we telekeçi gatnaşdy.


25-nji awgust anna güni Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý sebitine Türkmenistandan ynsanperwer kömegi bilen ýörite uçar barar. 40 tonna ýük suw joşmasyndan ejir çeken ülkäniň ýaşaýjylary üçin niýetlenendir. Munuň öňüsyrasynda Wladiwostokda birinji wise-gubernator - sebit hökümetiniň başlygy Wera Şerbina bilen Türkmenistanyň Russiýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Batyr Nýazlyýewiň duşuşygy geçirildi.


Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň kompozitor jemgyýetleri bilen yzygiderli aragatnaşyk saklajak Hazarýaka ýurtlaryň kompozitorlary birleşigini 2024-nji ýylda döretmek karar edildi. Bu karar şu günler Astrahanda "Hazar möwsümleri - 2023" atly nusgawy sungat festiwalynyň çäginde geçirilýän Hazarýaka ýurtlaryň kompozitorlarynyň ilkinji halkara forumyna gatnaşyjylar tarapyndan kabul edildi. Bu barada Hazarýaka döwletleriň simfoniki orkestriniň çeper ýolbaşçysy we režissýory Mihail Golikow TASS-a beren interwýusynda aýtdy.


Päkistan bilen Türkmenistan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçiriji taslamasy boýunça işleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.


Türkmenistanyň Milli ýygyndy toparynyň dzýudoçysy Dilara Kandymowa 23-27-nji awgust aralygynda Zagrebde (Horwatiýa) geçirilýän Ýaşlar dünýä çempionatynda bürünç medala eýe boldy.Türgen 40 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medal aldy. Deslapky tapgyrda Kandymowa azerbaýjanly Nigär Mämişowany ýeňmegi başardy.


Fransiýanyň käbir ýollarynda ulagy ýokary tizlikde sürýän sürüjileriň düzgün bozmalarynyň öňüni almak üçin çyrmaşan görnüşdäki ak çyzyklar peýda boldy. Şeýle synag taslamasy ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky Bon şäheriniň häkimligi tarapyndan badalga aldy.


Ýohannesburgda (Günorta Afrika) "Si Szinpiniň ganatly jümleleri" programmasynyň ikinji möwsümini başlatmak üçin dabaraly çäre geçirildi.


Türkmenistana gelen «Abu Dabi» klubynyň welosiped sürijileri Türkmen döwlet bedenterbiýe institutyna baryp gördüler we ol ýerde Olimpiýa sporty fakultetiniň barlaghanalaryna gezelenç guraldy. Bu ýerde türgenleriň funksional mümkinçiliklerini – olaryň nahili ýagdaýdadygyny kesgitläp bolýar. Bu gözlegleriň netijesi geljekde halkara ýaryşlaryna taýýarlanmaga kömek edýär.


Türkmen sambistleri 21-24-nji awgustda Çolpon-Ata (Gyrgyzystan) şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda bäş medal - bir kümüş we dört bürünç gazandylar.


Penşenbe güni Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Maliki bilen duşuşdy.


Gruziýada uly göwrümli akademiki saz festiwallaryndan biri - Tsinandali festiwalynyň açylyşy 31-nji awgustda Sinandalidäki (Kaheti) knýaz Çawçawadzäniň taryhy mülkünde bolar. Bäş ýyllyk ýubileý festiwalyna dirižýor Rasul Klyçewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestrinden ýedi ýaş türkmen sazandasy hem gatnaşýar. Olaryň arasynda ikinji gezek Gruziýa gelenler we şu ýylyň fewral aýynda Italiýanyň täze nesliniň iň öňdebaryjy dirižýorlaryndan biri we Pan-Kawkaz Ýaşlar orkestriniň awtory Klaudio Wandelli tarapyndan Aşgabatda geçirilen iň çylşyrymly saýlama synagyndan geçen ilkinji çykyş edenler hem bar.


Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi penşenbe güni Palestina döwleti bilen syýasy geňeşmeler geçirdi. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministri Raşid Meredow, Palestina wekiliýetine Daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad Al-Maliki ýolbaşçylyk etdi.