

Wirtual dünýäde Ýakyn Gündogara hyýaly syýahat edýänleriň sany artýar
Emeli intellektiň goşulmagy arkaly hakykylygy ýokarlandyrylan tehnologiýanyň kömegi bilen wirtual dünýäde Ýakyn Gündogar ýurtlaryna syýahat edýänleriň sany artýar.


Emeli intellektiň goşulmagy arkaly hakykylygy ýokarlandyrylan tehnologiýanyň kömegi bilen wirtual dünýäde Ýakyn Gündogar ýurtlaryna syýahat edýänleriň sany artýar.


Özbegistanda “Azerbaýjanyň gadymy Şuşa şäheri türk dünýäsiniň medeni paýtagtydyr” atly poçta markasy çap edildi. Özbegistandaky we Azerbaýjandaky muzeýlere, şeýle hem iki döwletiň we hökümetiniň wekillerine iberiler. Poçta markalaryny hödürlemek dabaralary Daşkende we Bakuwda geçiriler diýip, Geýdar Aliýew adyndaky Azerbaýjan medeni merkeziniň metbugat gullugy habar berýär.


Nýu-Ýorka iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň umumy mejlisine gatnaşar.


Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan "Nol zyňyndy" (Zero Waste) Jarnamasyna öz islegi bilen ilkinji bolup gol çeken adam boldy. Bu başlangyç onuň aýaly Emine Ärdogan tarapyndan öňe sürlüpdi diýip, "Anadolu" habarlar agentligi mälim edýär.


Gyrgyzystanyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň berýän habaryna görä, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Türkmenistan, Özbegistan we Türkiýe teatrlary “ART-ORDO - 2023” IX halkara teatr festiwalyna gatnaşarlar. Festiwal Gyrgyzystanyň Teatr işleri bileleşigi bilen bilelikde “TÜRKSOÝ” Halkara türk medeniýeti guramasynyň goldawy bilen forumy gurnaýar.


Taraplar şeýle hem iki ýurduň konserwatoriýalarynyň bilelikdäki konsertini guramak, taslamalary durmuşa geçirmek we türkmen we ermeni saz sungaty boýunça ylmy maslahaty geçirmegi ara alyp maslahatlaşdylar.


Daşkent şäherinde greppling sporty boýunça Aziýa çempionaty geçirildi. Aziýa ýurtlarynyň 11-sinden 1200 töweregi türgeniň gatnaşan ýaryşyna ýurdumyzyň adyndan Döwletmyrat Kasymow bilen Ysmaýyl Kakowowyň başlyklygynda çykyş eden topar 4 medal gazanyp, oňat netijeler görkezdiler. Şol medallaryň biri altyn, ýene biri kümüş we ikisi hem bürünç medallardyr.


14 - 18 ýaş aralygyndaky ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiligini almak boýunça ýaryşlar tamamlandy. Onda ýurdumyzyň dürli ýerinden gelen ýaşlaryň 273-si birinjilik ugrunda göreşdiler.


Özbegistanda ýaşlaryň arasynda kikboks boýunça geçirilen halkara ýaryşda türkmenistanly kikboksçylar jemi 15 medal gazandylar. Şolaryň 6-sy altyn, 2-si kümüş we 7-si hem bürünç medallardyr.


Türkmenistanyň, Koreýa Republikasynyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, we Gyrgyzystanyň parlament ýolbaşçylary Seul şäherinde geçirilýän bilelikdäki birinji forumda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ýollaryny maslahatlaşýarlar.


Şu hepde Aşgabat şäherindäki Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Durnukly ykdysady ösüş: innowasiýalar we senagatlaşmak” ady bilen ýokary tehnologiýalaryň hepdeligi geçirilýär. Onuň çäklerinde ýurdumyzyň iň iri tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplarynyň işläp taýýarlamalaryny görkezýän sergi guralýar.


21-nji sentýabrda Täjigistanyň paýtagty Duşenbede Täjigistan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe täze multimodal ulag geçelgesi boýunça Iş toparynyň birinji mejisi geçiriler.


Owgan tarapy Pakistandan Türkmenistanyň we Eýranyň Hazar deňzindäki portlaryna daşamak üçin öz çäklerini ulanmagy teklip edýär.


Ozal, syýahatçylyk kompaniýalaryna öz hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin hasaplarynda azyndan 5 million rubl pul bolmalydy. Täze teklibe görä, bu san 500 müň rubla çenli azaldylar.


Şu gün - 19-njy sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň Federal gümrük gullugynyň wekiliýeti Halkara gümrük terminalyna baryp görerler we Arkadag şäheriniň gümrükhanasynda gepleşikleri dowam etdirerler.