

Türkmenistanyň Prezidenti iş kesilen 1180 raýatyň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi
Türkmenistanda iş kesilen 1180 raýatyň günäsi geçildi. Olar Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda tussaglykdan boşadylarlar.


Türkmenistanda iş kesilen 1180 raýatyň günäsi geçildi. Olar Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda tussaglykdan boşadylarlar.


22-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.


Türkiýäniň iň gözel sebitleriniň biri bola Kappakodiýada Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy bellendi. Bu sebitde asmana uçurylmagy däbe öwrülen äpet howa şarynda Türkmenistanyň Baýdagy parlady.


Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga degişli karar kabul edýän şahslaryň habardarlygy ýokarlandyrmak boýunça Aşgabatda geçirilen üç günlük seminara gatnaşyjylar, suw baýlyklaryny integrirleýin dolandyrmak, saglyk we bilim ulgamlaryna uýgunlaşmak çäreleri, şeýle hem netijeli pudagara hyzmatdaşlygy meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.


Taryhda ilkinji gezek GDA agza ýurtlaryň çäginde haýwanlaryň göçüp ýaşaýan görnüşlerini gorap saklamak baradaky konwensiýa (CMS) taraplarynyň konferensiýasy geçiriler. Özbegistanyň Samarkand şäheri, 2024-nji ýylyň 12-nji fewralyndan 17-nji fewraly aralygynda konferensiýanyň 14-nji mejlisini kabul eder diýip, Özbegistan hökümetiniň metbugat gullugy habar berdi.


Aşgabatdaky Fransuz institutynda "Eldegrilmesiz" ("Intouchables") atly fransuz kinosynyň görkezilişi geçiriler. Bu film rus dilli tomaşaçylaryň arasynda "1+1" ady bilen tanalýar. Şu gün - 23-nji sentýabrda, sagat 14:00-da görkeziljek kino ýazgyly terjimesiz (subtitrsiz) görkezilýär.


"Türkmenistan" awiakompaniýasynyň ýeke-täk agenti bolup çykyş edýän "Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti howa ulagy arkaly ýük daşamalaryň giň toplumyny hödürleýär. Paýdarlar jemgyýeti eýýäm birnäçe söwda we senagat kärhanalaryň, döwlet we halkara düzümleriniň ygtybarly hyzmatdaşy hem-de ulag-ekspeditor agentligi hökmünde giňden tanalýar.


Beýik Ýüpek ýoly öz döwründe döwrebaplaşmagyň ýoly bolupdy. Ol häzirki günde hem söwda gatnaşyklaryny we bazarlaryň özara arabaglanyşygyny pugtalandyrmak arkaly döwrebaplaşmagyň täze akymyny emele getirýär diýip, "Hytaý - Merkezi Aziýa" barlag merkezleriniň forumynda çykyş eden Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň strategik ylmy-barlag merkeziniň direktory belledi.


Awstriýanyň paýtagty Wenada 18-nji oktýabrda beýik filosof we şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan gala konsertini geçiriler.


Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 42 ýaş toýy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowy telefon arkaly bolan söhbetdeşliginde gutlady.


Işçi güýjüniň ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolan italýan fermerleri kömek sorap Gyrgyzystandaky kärdeşlerine ýüz tutdylar.


Arkadag şäherinde, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan şepagat uýalarynyň hünär ussatlygy bäsleşigi geçirildi diýip, “Arkadag” gazeti habar berýär.


Halk Maslahatynyň Aşgabatda 24-nji sentýabrda boljak mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyzyň sebitlerinden wekiller geldiler Bu barada Halkara habarlar merkezi mälim edýär.


Şu gün Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow Parlamentara ýapon-türkmen dostluk toparynyň başlygy Toşiaki Endo bilen duşuşdy. Bu barada ýurdumyzyň Ýaponiýadaky ilçihanasy habar berýär.


Aziýada geçirilen iň möhüm klub ýaryşynyň ikinji toparçasynyň birinji tapgyry, AFK kubogy 2023/24 Malaýziýada geçirildi. Bu oýunlara FIFA-nyň iki sany türkmen emini - Çarymyrat Gurbanow we Resul Mämedow gatnaşdy.