HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

GDA-da ilkinji gezek CMS konwensiýasynyň taraplarynyň konferensiýasy geçiriler

Sentýabr 22, 2023 | 19:24 |9493
Taryhda ilkinji gezek GDA agza ýurtlaryň çäginde haýwanlaryň göçüp ýaşaýan görnüşlerini gorap saklamak baradaky konwensiýa (CMS) taraplarynyň konferensiýasy geçiriler. Özbegistanyň Samarkand şäheri, 2024-nji ýylyň 12-nji fewralyndan 17-nji fewraly aralygynda konferensiýanyň 14-nji mejlisini kabul eder diýip, Özbegistan hökümetiniň metbugat gullugy habar berdi.Taryhda ilkinji gezek GDA agza ýurtlaryň çäginde haýwanlaryň göçüp ýaşaýan görnüşlerini gorap saklamak baradaky konwensiýa (CMS) taraplarynyň konferensiýasy geçiriler. Özbegistanyň Samarkand şäheri, 2024-nji ýylyň 12-nji fewralyndan 17-nji fewraly aralygynda konferensiýanyň 14-nji mejlisini kabul eder diýip, Özbegistan hökümetiniň metbugat gullugy habar berdi.
Çeşme: Özbegistan Respublikasynyň hökümet portaly

Taryhda ilkinji gezek GDA agza ýurtlaryň çäginde haýwanlaryň göçüp ýaşaýan görnüşlerini gorap saklamak baradaky konwensiýa (CMS) taraplarynyň konferensiýasy geçiriler. Özbegistanyň Samarkand şäheri, 2024-nji ýylyň 12-nji fewralyndan 17-nji fewraly aralygynda konferensiýanyň 14-nji mejlisini kabul eder diýip, Özbegistan hökümetiniň metbugat gullugy habar berdi.

CMS konwensiýasyna 1979-njy ýylda gol çekilip, ol 133 döwleti birleşdirýär. Olar haýwanlaryň dürli görnüşlerini göçýän wagty goramak we saklamak maksady bilen döredildi. Bu resminamany 1998-nji ýylda tassyklan Özbegistan, şeýle giň gerimli çäräni gurnamaga gatnaşmaga taýýardyr.

Çeşme, şeýle forumyň GDA ýurtlarynda ozal geçirilmändigini we Merkezi Aziýa hem-de Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasynda ilkinji çäre bolup, taryhy ähmiýete eýe boljakdygyny belleýär.

Şu ýylyň awgust aýynda Özbegistan hökümeti we CMS sekretariaty Merkezi Aziýanyň ýadygärlikleriniň meşhur gök plitalaryny ýada salýan nagyş bilen bezelen ganatly gar gaplaňy şekillendirilen çäräniň resmi şygaryny we nyşanyny tassyklady.

Samarkand konferensiýasyna BMG-nyň Daşky gurşaw maksatnamasynyň ýerine ýetiriji direktory Inger Andersen, Halkara tebigaty goramak bileleşiginiň baş müdiri Gretel Agilar, Global daşky gurşaw gaznasynyň başlygy we baş müdiri Karlos Rodriges, konwensiýa gatnaşýan ýurtlaryň daşky gurşaw ministrleri we halkara daşky gurşaw şertnamalarynyň sekretarýatlarynyň ýolbaşçylary gatnaşar.

Bir gün öň, 2024-nji ýylyň 11-nji fewralynda, Samarkantda CMS-iň hemişelik komitetiniň 54-nji mejlisi, ýokary derejeli segment we göçýän görnüşleri boýunça çempionlar gijesi geçiriler.

Öňki CMS konferensiýasy Hindistanda geçirilip, oňa 131 ýurtdan 1000-den gowrak wekil gatnaşdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026