

Türkmenistan GDA gatnaşyjy döwletleriň ulag boýunça utgaşdyryjy maslahatyna gatnaşdy
"Türkmendemirýollary" agentliginiň wekilleri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň ulag boýunça 43-nji utgaşdyryjy iş maslahatyna gatnaşdy.


"Türkmendemirýollary" agentliginiň wekilleri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň ulag boýunça 43-nji utgaşdyryjy iş maslahatyna gatnaşdy.


Şu ýylyň ýanwar aýynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 2,545 milliarda barabar boldy.


Anna güni, 16-njy fewralda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda nebithimiýa önümleri we türkmen halylary uly islegden peýdalandy.


Türkmenistanly ýaş sazanda, M.Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň wekili Eziz Garýagdyýew «Şapak» atly VIII halkara sungat bäsleşiginde 3-nji orny eýeledi.


Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýangyn howpsuzlyk gullugy Sms arkaly TMCELL aragatnaşyk operatorynyň müşderilerine gyş günlerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmegiň möhümdigini ýatladýar.


Häzirki wagtda Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaş ýurtlarynyň öňdebaryjy bäşligine girýär.


"Türkmenhowaýollary" agentligi ozalky aýlarda bolşy, howa gatnawlary boýunça hyzmatlarda ýokary ösüş depginleri gazanmak bilen ulag-kommunikasiýa toplumynyň pudaklarynyň arasynda tapawutlanýar.


Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde oba hojalyk toplumy boýunça wise-premýer Taňryguly Atahallyýewiň gözegçilik edýän pudaklarynda ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabatyny diňläp, oba hojalygynda suwy tygşytly ulanmagyň wajypdygyny belledi. Şu nukdaýnazardan, döwlet Baştutany wise-premýere suw üpjünçilik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça tabşyryklary berdi.


Türkmenistanyň nebit we gaz kondensatyny çykaryjylar ýanwar aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny 100,3 göterim ýerine ýetirdiler. Hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 100,1 göterime deň boldy.


2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 6,3% artdy. Bu döwürde ýurtda geçen ýylyň ýanwar aýyna garanyňda 8,2% köp önüm öndürildi we söwda dolanyşygy 10,6% ýokarlandy. Bu makroykdysady maglumatlar, 16-njy ýanwardaky ýylyň birinji aýynyň netijelerine bagyşlanan türkmen Hökümetiniň mejlisinde wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow tarapyndan hödürlendi.


Halkara täjirçilik şertleri üçin “Incoterms 2010” halkara täjirçilik amallarynda ulanylýan standartlaşdyrylan gysga söwda adalgalarynyň toplumydyr. Ol dürli ýurtlardaky alyjylar bilen satyjylaryň arasynda düşünişmezliklerden gaça durmak we halkara haryt satuwy üçin umumy düzgünler döretmek üçin Halkara Söwda Palatasy (ICC) tarapyndan döredildi. Bu adalgalar halkara söwdasynda giňden ulanylýar we alyjynyň hem satyjynyň jogapkärçiligini we töwekgelçiligini kesgitlemekde möhüm bolup durýar.


16-njy fewral, 2024-nji ýyl, Aşgabat, Türkmenistan – Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentligi (USAID) Türkmenistanyň Mejlisiniň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň we 15 sany jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda nobatdaky dördünji raýat forumyny geçirdi. Bu forum Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasyny we Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça geçirilýän işler baradaky çärelere bagyşlandy.


Birleşen Arap Emirlikleri emeli intellekt pudagynda täze ösüşleri netijeli ulanmagyň düzgünlerini döretmek üçin ählumumy synag meýdançasyna öwrülmäge taýýardyr.


Türkmenistanyň Saud Arabystanyndaky ilçisi Orazmuhammet Çaryýew “Arab News” gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary Nur Nugali bilen habarlar ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy.


Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory Pygy Baýramdurdyýew we Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Doha şäherinde geçirilýän “Emiriň gylyjy” atly konkur sporty boýunça 13-nji çempionatyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.