Habarlar

Türkmenistan Halkara zähmet guramasynyň Aşgabatdaky wekilini bellemegi öňe sürdiTürkmenistan Halkara zähmet guramasynyň Aşgabatdaky wekilini bellemegi öňe sürdi

Türkmenistan Halkara zähmet guramasynyň Aşgabatdaky wekilini bellemegi öňe sürdi

Türkmenistanyň hökümeti bilen Halkara zähmet guramasynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary alyp barmak we utgaşdyrmak maksady bilen guramanyň wekilini Aşgabatda bellemek barada türkmen tarapynyň teklibi 22-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Halkara zähmet guramasynyň Baş direktorynyň kömekçisi, guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa üçin sebit direktory Beata Andres bilen bolan duşuşygyň dowamynda maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň deňiz ulag pudagyny sanlylaşdyrmakda gazanan üstünlikleri BMG-niň Ženewadaky edarasynda tanyşdyryldyTürkmenistanyň deňiz ulag pudagyny sanlylaşdyrmakda gazanan üstünlikleri BMG-niň Ženewadaky edarasynda tanyşdyryldy

Türkmenistanyň deňiz ulag pudagyny sanlylaşdyrmakda gazanan üstünlikleri BMG-niň Ženewadaky edarasynda tanyşdyryldy

Ženewa şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki ulag komitetiniň 86-njy mejlisinde “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygy “Hazarüsti ulag geçelgesinde hukuk resminamasy we BMG-niň ülňülerini ulanmak bilen, maglumatlaryň we resminamalaryň multimodal alyş-çalşyny sanlylaşdyrmak üçin ýol kartasy” atly maslahatda çykyş etdi.

GDA-nyň Hemişelik wekilleriniň Geňeşi we Ykdysady meseleler boýunça Komissiýasy19-njy martda ýygnanyşarlarGDA-nyň Hemişelik wekilleriniň Geňeşi we Ykdysady meseleler boýunça Komissiýasy19-njy martda ýygnanyşarlar

GDA-nyň Hemişelik wekilleriniň Geňeşi we Ykdysady meseleler boýunça Komissiýasy19-njy martda ýygnanyşarlar

Arkalaşygyň agza döwletleriniň Hemişelik Doly ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň we Arkalaşygyň esasy we beýleki edaralary bilen GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça Komissiýasynyň bilelikdäki mejlisiniň 2024-nji ýylyň 19-njy martynda geçirilmegine garaşylýar. Ýakynda geçiriljek mejlisiň gün tertibiniň taslamasy 21-nji fewralda Moskwada geçirilen Ykdysady meseleler boýunça Komissiýanyň mejlisinde tassyklandy, şonda GDA-na agza ýurtlaryň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň birnäçe ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.