HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tokioda türkmen parlamentarileriniň we talyplarynyň duşuşygy boldy

Fewral 22, 2024 | 21:07 |15227
Tokioda saparda bolýan Mejlis Başlygy Dünyägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky Mejlisiň agzalary Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary bilen duşuşdy.Tokioda saparda bolýan Mejlis Başlygy Dünyägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky Mejlisiň agzalary Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary bilen duşuşdy.
Çeşme: mejlis.gov.tm

Tokioda saparda bolýan Mejlis Başlygy Dünyägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky Mejlisiň agzalary Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary bilen duşuşdy.

Parlamentariler ýaşlar bilen geçirilen söhbetdeşlikde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyň şygarynyň ideýasyny we ähmiýetini bellediler, şeýle hem olar ýaşlar babatynda döwlet syýasatynyň hukuk goldawy barada söhbet etdiler. Bu ýerde gürrüň, ýokary bilim almak üçin mümkinçilikleri, we Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň täze rejelenen görnüşine girizilen kadalara laýyklykda ýaşlaryň işlemäge, mynasyp durmuş şertlerine eýe bolmaklary üçin döredilen ýeňillikler barada boldy.

Gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly kitaby tanyşdyryldy. Bu barada Mejlisiň web sahypasynda habar berilýär.

Mundan başga-da, türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýapon diline terjime edilen “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynda beýan edilen türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösüşine üns berildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026