HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň deňiz ulag pudagyny sanlylaşdyrmakda gazanan üstünlikleri BMG-niň Ženewadaky edarasynda tanyşdyryldy

Fewral 22, 2024 | 15:43 |9113
Ženewa şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki ulag komitetiniň 86-njy mejlisinde “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygy “Hazarüsti ulag geçelgesinde hukuk resminamasy we BMG-niň ülňülerini ulanmak bilen, maglumatlaryň we resminamalaryň multimodal alyş-çalşyny sanlylaşdyrmak üçin ýol kartasy” atly maslahatda çykyş etdi.Ženewa şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki ulag komitetiniň 86-njy mejlisinde “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygy “Hazarüsti ulag geçelgesinde hukuk resminamasy we BMG-niň ülňülerini ulanmak bilen, maglumatlaryň we resminamalaryň multimodal alyş-çalşyny sanlylaşdyrmak üçin ýol kartasy” atly maslahatda çykyş etdi.
Çeşme: tmrl.gov.tm

Ženewa şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki ulag komitetiniň 86-njy mejlisinde “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygy "Hazarüsti ulag geçelgesinde hukuk resminamasy we BMG-niň ülňülerini ulanmak bilen, maglumatlaryň we resminamalaryň multimodal alyş-çalşyny sanlylaşdyrmak üçin ýol kartasy” atly maslahatda çykyş etdi.

Başlyk öz çykyşynda deňiz ulag pudagynda sanly ulgama geçmegiň esasy artykmaçlyklaryny we onuň deňiz pudagyny ösdürmekdäki ähmiýetini, şeýle hem, “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” we “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” durmuşa geçirilmegi barada belläp geçdi.

Agentligiň başlygy sanlylaşdyrmak işinde amala aşyrylan işlere mysal edip, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda ulanylyşa girizilýän TOS (Terminallary dolandyryş ulgamy) elektron maglumat alyş-çalyş ulgamyny belläp geçdi. 2018-nji ýylda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Baku portunyň arasynda awtomatik maglumat alyş-çalşygy barada şertnama baglaşyldy. Häzirki wagtda iki portlaryň arasyndaky ulgamlary birikdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Şeýle hem, amatly hyzmatlary döretmek we hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak üçin Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň müşderilerinden arzalary elektron görnüşde kabul etmek ulgamy girizildi. Milli deňiz söwda flotundan ýolagçy biletlerini onlaýn satmak boýunça hem işler ýola goýuldy. Ýurdumyzdaky deňiz ulag pudagynyň döwlet edara-kärhanalaryny birleşdirýän we utgaşdyrýan elektron resminama dolanyşygy döredildi.

Alnyp barylýan strategiki çäreleriň hatarynda ýakyn wagtda Hazar we Gara deňiz portlarynyň arasynda we geljekde Ýewropanyň esasy portlary bilen maglumat alyş-çalşygyny ýeňilleşdirmek üçin sanly platforma döretmek meýilleşdirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026