

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda PS 500-GO-K portlandsementi ýerlenildi
22-nji iýunda, şenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda PS 500-GO-K portlandsementi ýerlenildi.


22-nji iýunda, şenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda PS 500-GO-K portlandsementi ýerlenildi.


Arkadag şäherinde badalga alan Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde şäheriň Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde “Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak we gorap saklamak boýunça dünýä tejribesiniň mümkinçilikleri” atly maslahat şeýle hem ýurdumyzyň muzeýleriniň gaznalaryndaky taryhy tapyndylaryň hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi geçirildi.


Apple Hytaýdaky ulanyjylar üçin VR-söwdany hödürleýär. Kompaniýa Vision Pro garniturasy tarapyndan goldanylýan goşundylaryň sanawyna Hytaýyň iki sany iri internet-magazinlerini goşdy. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär.


2023-nji ýylda Türkmenistan bilen BAE-iň arasyndaky söwda dolanyşygy 1 milliard 290 million ABŞ dollaryna ýetdi we 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 15,8 göterim ýokarlandy. Türkmenistanyň Emirliklere eksporty 13,3%, import 16.2% ýokarlandy.


Türkmen telekeçileriniň eksport bazarlarynyň geografiýasy ýylsaýyn giňelýär we häzirki wagtda dünýäniň 50-ä golaý ýurduny öz içine alýar diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Nökerguly Atagulyýew 25-nji iýunda, sişenbe güni Aşgabatda geçirilen “Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri” işewürlik maslahatynyň dowamynda eden çykyşynda belledi.


Birleşen Arap Emirlikleri şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda 5-nji orny eýeledi we bu döwürde söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,3% ýokarlandy. 2024-nji ýylyň 1-nji martyna çenli umumy bahasy 5 milliard dollardan gowrak bolan BAE kärhanalarynyň gatnaşmagynda 138 sany maýa goýum taslamasy hasaba alyndy diýip, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow 25-nji iýunda sişenbe güni Aşgabatda geçirilen “Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri” işewürlik maslahatynda eden çykyşynda belledi.


Aşgabatda geçirilen Türkmen emirlikler işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin BAE-niň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marriniň ýolbaşçylgyndaky wekiliýet ýurdumyza geldi.


Eksport işi boýunça wiktorinanyň üçünji tapgyryna gatnaşmaga çagyrýarys! Bu wiktorina bilimleriňizi barlamak we eksport dünýäsinden gerekli düşünjeleri almak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.


Türkmenistanyň Hanoýdaky ilçisi Parahat Durdyýew 24-nji iýunda Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Bilim we hünärmenleri taýýarlamak ministrliginde ministriň orunbasary Nguýen Wan Fuk bilen duşuşdy.


Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Al Hameli bilen ýakynda geçiriljek “Türkmenistan -BAE” işewürlik forumyna taýýarlyk görmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna metbugat gullugy habar berýär.


21-nji iýunda, anna güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda nebithimiýa hem-de oba hojalygynyň pudagynyň önümleri ýerlenildi.


2024-nji ýylyň 23-nji iýunynda, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň we Ýaşlar baýragynyň eýesi, SSSR-iň Kinematograflar Bileleşiginiň agzasy, SSSR Kompozitorlar Bileleşiginiň agzasy, Türkmenistanyň Kompozitorlar Bileleşiginiň başlygy, üçünji nesil türkmen kompozisiýa mekdebiniň iň ajaýyp wekillerinden biri, zehinli mugallym, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kompozisiýa kafedrasynyň dosenti, görnükli türkmen kompozitory Rejep Jumaýewiç Rejepowyň doglan gününiň 80 ýyllygy bellenildi.


2024-nji ýylyň 21-nji iýunynda Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň Germaniýadaky konsullygy tarapyndan beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy maslahaty geçirildi


21-nji iýunda Türkmenistanyň ilçisi Parahat Durdyýew Hanoýda, şol gün irden Respublikanyň Daşary işler ministrliginiň merkezi edarasynda Prezident To Lamuna ynanç hatyny gowşurmagy mynasybetli Wýetnamyň Daşary işler ministriniň orunbasary Le Thu Hang bilen duşuşdy geçirildi.


Fransiýanyň paýtagtynyň merkezindäki Notr-Dam-de-Pari katolik ybadathanasy şu ýylyň dekabr aýynda jemagat üçin açylar diýip, Euronews habar berýär.