HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Arkadag şäherinde muzeý gymmatlyklaryny gorap saklamak boýunça maslahat geçirildi

Iýun 26, 2024 | 09:47 |9448
Arkadag şäherinde badalga alan Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde şäheriň Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde “Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak we gorap saklamak boýunça dünýä tejribesiniň mümkinçilikleri” atly maslahat şeýle hem ýurdumyzyň muzeýleriniň gaznalaryndaky taryhy tapyndylaryň hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi geçirildi.Arkadag şäherinde badalga alan Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde şäheriň Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde “Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak we gorap saklamak boýunça dünýä tejribesiniň mümkinçilikleri” atly maslahat şeýle hem ýurdumyzyň muzeýleriniň gaznalaryndaky taryhy tapyndylaryň hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi geçirildi.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Arkadag şäherinde badalga alan Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde şäheriň Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde “Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak we gorap saklamak boýunça dünýä tejribesiniň mümkinçilikleri” atly maslahat şeýle hem ýurdumyzyň muzeýleriniň gaznalaryndaky taryhy tapyndylaryň hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň öňdebaryjy muzeý işgärleri, şeýle hem sanly ulgam arkaly daşary ýurtlaryň wekilleri gatnaşdylar.

Owanes Şarambeýan adyndaky Halk sungaty muzeýiniň direktory Lýusine Toroýan maslahata gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlendi.

Ol dünýä medeniýetini ösdürmekde, taryhy-medeni mirasy we sungat eserlerini gorap saklamakda muzeýleriň ähmiýetli ornuny belledi. Lýusine Toroýan Awanes Şarambeýan adyndaky Halk sungaty muzeýiniň zallarynda Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň sergileriniň ençeme gezek geçirilendigini we olaryň ermeni tomaşaçylarynda uly gyzyklanma döredendigini belledi.

27-nji iýuna çenli dowam etjek Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde ýaş aýdymçy sazandalaryň konsertleri, sungat eserleriniň, neşirýat önümleriniň we muzeý eksponatlarynyň sergileri, fotosergiler, kinofilm görkezilişleri geçiriler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026