

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 220-nji sessiýasyna gatnaşýar
Şu ýylyň 9-njy oktýabrynda Parižde ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 220-nji sessiýasy öz işine başlady. Çäräniň barşynda geçen sessiýalaryň dowamynda Ýerine ýetiriji geňeş we Baş konferensiýa tarapyndan kabul edilen çözgütleriň we kararnamalaryň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly gün tertibiniň 30-dan gowrak meseleleriniň, maliýe, administratiw we beýleki soraglaryň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.


















