HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan BSG-na goşulmak ugrunda täze kanun taslamalary taýýarlanýar

Oktýabr 14, 2024 | 16:55 |9779
Geçen hepde Aşgabatda Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) “Söwdada tehniki päsgelçilikler” we “Arassaçylyk we fitosanitar çäreleri” atly ylalaşyklaryň düzgünleri we ýagdaýy boýunça okuw maslahaty geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Halkara söwda merkezi bilen hyzmatdaşlykda gurnaldy we Arçabil myhmanhanasynda geçirildi.Geçen hepde Aşgabatda Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) “Söwdada tehniki päsgelçilikler” we “Arassaçylyk we fitosanitar çäreleri” atly ylalaşyklaryň düzgünleri we ýagdaýy boýunça okuw maslahaty geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Halkara söwda merkezi bilen hyzmatdaşlykda gurnaldy we Arçabil myhmanhanasynda geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi

Geçen hepde Aşgabatda Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) “Söwdada tehniki päsgelçilikler” we “Arassaçylyk we fitosanitar çäreleri” atly ylalaşyklaryň düzgünleri we ýagdaýy boýunça okuw maslahaty geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Halkara söwda merkezi bilen hyzmatdaşlykda gurnaldy we Arçabil myhmanhanasynda geçirildi.

14102024-turkmenistan-na-puti-k-vstupleniyu-v-vto (1).jpg

Bu okuw maslahaty döwlet işgärlerini BSG-ä agzalygy bilen baglanyşykly çärelere gatnaşmaga taýýarlamak maksady bilen “Türkmenistan: durnuklylygy we söwda integrasiýasyny ýokarlandyrmak” atly täze maksatnamanyň bir bölegi boldy. Okuw maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar – degişli ministrlikleriň, ýokary okuw mekdepleriniň we Türkmenistanyň Mejlisinniň wekilleri ýurduň kanunçylygyny we halkara ülňülerini seljerdiler.

14102024-turkmenistan-na-puti-k-vstupleniyu-v-vto (3).jpg

Mundan başga-da, “Türkmenstandartlary” Döwlet komitetiniň dolandyryş binasynda, Halkara söwda merkeziniň hünärmenleriniň ýolbaşçylygynda BSG-nyň talaplaryna laýyklykda we söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek we tehniki päsgelçilikleri ýok etmek üçin “Tehniki kadalaşdyrmak” we “Standartlaşdyrma” barada kanun taslamalaryny öz içine alýan täze kanun taslamalarynyň jemleýji taýýarlygy geçirildi.

14102024-turkmenistan-na-puti-k-vstupleniyu-v-vto (5).jpg

Derňewiň netijelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Mejlisiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Adalat, Saglygy goraýyş we derman senagaty, oba hojalygy, Döwlet gümrük gullugy we “Türkmenstandartlary” Döwlet komitetiniň wekilleri bilen iş maslahaty geçirildi.

14102024-turkmenistan-na-puti-k-vstupleniyu-v-vto (9).jpg

Bilermenler söwda amallaryny ýönekeýleşdirmäge we milli kanunçylygy halkara ülňülerine laýyklaşdyrmaga aýratyn üns berilmelidigini nygtaýarlar. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bar bolan kanunçylyk hereketlerini seljermek we ýurduň BSG-ä üstünlikli goşulmagyny üpjün etmek üçin täze kanunlary taýýarlamak üçin işjeň işleýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026
Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

01:00 Awgust 26, 2026
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026