Habarlar

Turkish Airlines 2024-nji ýylyň 9 aýy boýunça girdejileri barada habar berdiTurkish Airlines 2024-nji ýylyň 9 aýy boýunça girdejileri barada habar berdi

Turkish Airlines 2024-nji ýylyň 9 aýy boýunça girdejileri barada habar berdi

Turkish Airlines (THY) 2024-nji ýylyň birinji 9 aýy boýunça maliýe netijelerini neşir edip, girdejiniň ep-esli derejede artandygyny görkezdi. Maglumatlary köpçülikleýin ýaýma Platformasynda getirilen maglumatlara laýyklykda, kompaniýa rekord üstünligine ýetip, bellenilen döwür üçin 88,9 mlrd türk lirasy (takmynan 3,068 mlrd amerikan dollar) möçberinde arassa girdeji aldy.

Aşgabatda Raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça sebitleýin maslahaty geçirilýärAşgabatda Raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça sebitleýin maslahaty geçirilýär

Aşgabatda Raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça sebitleýin maslahaty geçirilýär

Şu gün, 8-nji noýabrda, Aşgabatda Merkezi Aziýada raýatsyzlygyň soňuna çykmak we sebitiň bu maksada ýetmekde gazanan üstünligine bagyşlanan ministrler derejesindäki sebitleýin maslahaty geçiriler. Bu çäre, Türkmenistan hökümeti tarapyndan BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi (UNHCR) ýaly halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde gurnaldy

Türkmenistanyň nebit-gaz pudagy Abu-Dabidäki ADIPEC-2024 Bütindünýä energetika sergisine we maslahatyna gatnaşýarTürkmenistanyň nebit-gaz pudagy Abu-Dabidäki ADIPEC-2024 Bütindünýä energetika sergisine we maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň nebit-gaz pudagy Abu-Dabidäki ADIPEC-2024 Bütindünýä energetika sergisine we maslahatyna gatnaşýar

ADIPEC sergisi (Abu Dhabi International Petroleum Exhibition and Conference) nebit-gaz pudagynda dünýäniň iň uly meýdançalarynyň biri bolup, her ýylda bütin dünýäniň iri energetika kompaniýalarynyň öňdebaryjy bilermenleriniň, liderleriniň we wekilleriniň on müňlerçesini ýygnaýar. Abu-Dabide 4-7-nji noýabr aralygynda geçirilip, ol derwaýys mowzuklary, şol sanda iň täze nebit-gaz tehnologiýalary, durnukly ösüş, maýa goýum mümkinçilikleri we energetika geçiş meselelerini öz içine alýar. ADIPEC-2024 ählumumy ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak we energetika pudagy boýunça strategik hyzmatdaşlyklary ýola goýmak üçin möhüm halkara meýdançasy hökmünde ýene bir gezek öz wajyplygyny tassyklady.