HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça sebitleýin maslahaty geçirilýär

Noýabr 08, 2024 | 07:10 |10331
Şu gün, 8-nji noýabrda, Aşgabatda Merkezi Aziýada raýatsyzlygyň soňuna çykmak we sebitiň bu maksada ýetmekde gazanan üstünligine bagyşlanan ministrler  derejesindäki sebitleýin maslahaty geçiriler. Bu çäre, Türkmenistan hökümeti tarapyndan BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi (UNHCR) ýaly halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde gurnaldyŞu gün, 8-nji noýabrda, Aşgabatda Merkezi Aziýada raýatsyzlygyň soňuna çykmak we sebitiň bu maksada ýetmekde gazanan üstünligine bagyşlanan ministrler  derejesindäki sebitleýin maslahaty geçiriler. Bu çäre, Türkmenistan hökümeti tarapyndan BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi (UNHCR) ýaly halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde gurnaldy
Çeşme: orient.tm

Şu gün, 8-nji noýabrda, Aşgabatda Merkezi Aziýada raýatsyzlygyň soňuna çykmak we sebitiň bu maksada ýetmekde gazanan üstünligine bagyşlanan ministrler derejesindäki sebitleýin maslahaty geçiriler. Bu çäre, Türkmenistan hökümeti tarapyndan BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi (UNHCR) ýaly halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde gurnaldy.

Raýatsyzlyk meselesini çözmekde öňdebaryjy orny eýeleýän Türkmenistan bu ugurda halkara borçnamalaryny işjeň durmuşa geçirmegini dowam etdirýär. Merkezi Aziýada ilkinji bolup raýatsyzlygyň öňüni almaga we azaltmaga gönükdirilen iri halkara konwensiýalaryna goşuldy. BMG-niň #IBelong kampaniýasynyň işe girizileni bäri, Türkmenistan bosgunlar we raýatlygy bolmadyk adamlar bilen birlikde 32 müňden gowrak adamy raýatlyga kabul edip, netijeli öňegidişlik gazandy.

8112024-UNHCR-Turkmenistan-Leader-in-Eradicating-Statelessness (2).jpg

Maslahatyň dowamynda raýatsyzlygyň soňuna çykmakda öňdebaryjy tejribeler we çözgütler hem-de Merkezi Aziýada hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Gün tertibiniň möhüm bölegi sebitdäki döwletleriň arasynda tejribe alyşmak, şeýle hem 2019-2024-nji ýyllar üçin raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019-2024-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasynyň çäginde Türkmenistanyň ýerine ýetiren işiniň netijeleri jemlemek bolar.

Halkara hyzmatdaşlygy we ynsanperwer ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistan, BMG-nyň raýatsyzlyk meselesini raýatsyzlygyň soňuna çykmak, kanunçylyk mehanizmlerini güýçlendirmek we ähli adamlar üçin deň hukuklary we mümkinçilikleri üpjün etmek maksady bilen BMG-nyň ählumumy kampaniýasynyň çäginde işjeň işlemegini dowam etdirer.

Aşgabatda geçiriljek maslahat bu ählumumy meseläniň çözgütlerini öňe sürmek we Merkezi Aziýa döwletleriniň gazananlaryny görkezmek, adam hukuklary we ynsanperwerlik kömegi babatynda sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin möhüm meýdança bolar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

00:01 Iýun 23, 2026
«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

23:15 Iýun 22, 2026
Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

22:30 Iýun 22, 2026