

Türkmenistanda gender deňligi boýunça täze bäş ýyllyk meýilnama tassyklanyldy
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny” tassyklaýan Karara gol çekdi. Täze resminama ýurtda erkekleriň we aýallaryň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy hem-de medeni-ynsanperwer işlere deň derejede gatnaşmagyny has-da ýaýbaňlandyrmak üçin esasy gural bolar














