Nýu-Ýorkuň mekdeplerine adam şekilli robotlar ornaşdyrylýar


TEHNOLOGIÝALAR, 21-nji iýul | ORIENT. ABŞ-nyň Nýu-Ýork ştatynyň bilim edaralary geljegiň tehnologiýalaryna tarap möhüm ädim ädýär. Şu güýzde ştatyň günbataryndaky kiçi Salamanka şäheriniň orta mekdebiniň ýokary synplarynda sebitde ilkinji gezek Salli atly adam şekilli android peýda bolar. Ol Las-Wegasda ýerleşýän Realbotix kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi.
Bahasy 57 müň ABŞ dollary bolan android programmirleme, robototehnika we emeli aň sapaklarynda okuw-görkezme serişdesi hem-de interaktiw kömekçi hökmünde ulanylar. Salli örän tebigy keşbe eýe bolup, silikon deri, hereketli ýüz keşpleri bilen enjamlaşdyrylandyr. Robot iş stolunyň başynda oturýar, el hereketlerini edýär, okuwçylary şahsy ID-belgisi arkaly tanap bilýär we öňki sapakda geçilen mowzugy dessine ýatlap bilýär. Mundan başga-da, işläp düzüjiler çagalar bilen aragatnaşygy has tebigy etmek maksady bilen onuň sesine Nýu-Ýork ştatynyň günbatar bölegine mahsus gepleýiş usulyny hem goşupdyrlar.
Adam şekilli robotyň mekdebe ornaşdyrylmagy ABŞ-nyň mugallymçylyk jemgyýetçiliginde gyzgalaňly pikir alyşmalara sebäp boldy. Robotyň bahasy ýerli mugallymyň ortaça bir ýyllyk zähmet hakyndan arzan bolsa-da, etrap häkimiýeti robotlaryň hiç wagt mugallymlary çalşyp bilmejekdigini belleýär. Salli diňe kömekçi gural hökmünde hyzmat edip, ýokary synp okuwçylaryna emeli aňyň, neýroulgamlaryň interaktiw mümkinçilikleriniň we häzirki zaman androidleriniň işleýiş ýörelgelerini amaly taýdan öwrenmäge ýardam berýär.






