

Hytaýda Bütindünýä sanly bilim maslahaty geçirilýär
Bilim boýunça döwlet gurluşygyny çaltlandyrýan Hytaý, bilim ulgamynda sanly transformasiýany we intellektual döwrebaplaşdyrmany yzygiderli öňe sürer. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Din Sýuesýan, 14-nji maýda Uhan şäherinde başlan «Bilimiň ösüşi we transformasiýasy: intellekt döwri» atly tema bilen geçirilýän 2025-nji ýylyň Bütindünýä sanly bilim maslahatynyñ açylyş dabarasynda çykyş edip aýtdy



















