HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tatarystanyň Baştutany Kazandaky sergide Türkmenistanyň stendine baryp gördi

Maý 15, 2025 | 14:45 |3621
Tatarystan bilen doganlyk we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýan Türkmenistan, “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum” XVI halkara ykdysady forumyna wekilçilik edýärTatarystan bilen doganlyk we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýan Türkmenistan, “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum” XVI halkara ykdysady forumyna wekilçilik edýär
Çeşme: orient.tm

Tatarystan bilen doganlyk we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýan Türkmenistan, “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum” XVI halkara ykdysady forumyna wekilçilik edýär. Türkmenistanyň wekiliýeti iň uly wekiliýetleriň biridir. Forumyň çäginde guralan ykdysady we ylmy-tehnologiki hyzmatdaşlygyň sergisi bolan “Russia Halal Expo” sergisine gelenler, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryndan, hususy kärhanalardan, ylym we bilim üstünliklerinden we amaly haşam sungatynyň köp sanly önümi görkezýän milli stendindäki sergilenen önümler bilen tanyşyp bilerler.

3

Eksponatlar we hödürlenen dürli maglumatlar, Türkmenistanyň ykdysady potensialyna baha bermäge, maýa goýum mümkinçiliklerini we halkara işewür hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem özboluşly medeniýet, milli miras we däp-dessurlar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

1

Türkmenistanyň sergidäki stendine ilkinji gelen myhmanlardan biri Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow boldy. Ol dürli öwüşgünli sergini synlap we ýurduň wekilleri bilen söhbetdeş boldy. Tatarystan Respublikasynyň Raisi Türkmenistana eden saparynda bolşy ýaly, Tatarystanyň möhüm orny eýeleýän halkara hyzmatdaşlygyna ünsi jemläp, ýurdumyzyň ösüş depginine haýran galýandygyny aýtdy.

2

“Russia Halal Expo” – Russiýada maýa goýum we infrastruktura taslamalarynyň iň uly sergisidir, bu işewürlik taslamalaryny öňe sürmek we ösdürmek üçin özboluşly giňişlik, foruma gatnaşyjylaryň arasynda konstruktiw dialogy gurmak üçin meýdançadyr.

4

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026