HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda Hytaý bilen bilim hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Maý 15, 2025 | 11:42 |5794
2025-nji ýylyň 11–13-nji maýy aralygynda Urumçi şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň bilim ministrleriniň ilkinji maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň bilim ministri J. Gurbangeldiýew gatnaşdy.2025-nji ýylyň 11–13-nji maýy aralygynda Urumçi şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň bilim ministrleriniň ilkinji maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň bilim ministri J. Gurbangeldiýew gatnaşdy.
Çeşme: education.gov.tm

2025-nji ýylyň 11–13-nji maýy aralygynda Urumçi şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň bilim ministrleriniň ilkinji maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň bilim ministri J. Gurbangeldiýew gatnaşdy. Duşuşygyň esasy temasy «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boldy.

J. Gurbangeldiýew bilim tehnologiýalary, şol sanda sanly bilim, emeli añ we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary babatda tejribe alyşmak üçin ministrlik derejesindäki yzygiderli duşuşyklaryň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. Ol sebit ýurtlarynyň arasynda we Türimenistanyñ bilim ulgamy boýunça ozaldan bäri möhün hyzmatdaşy bolan Hytaý bilen bilim babatda bilim alyş-çalyşlarynyň, maglumat paýlaşmagyň zerurdygyny belläp geçdi. Maslahatda talyplar we mygallymlar alyş-çalyşlary, şeýle hem öñdebaryjy bilim usulyýetletini ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalar bsrada maslahatlaşyldy. Türkmenistan Hytaýyň daşary ýurt dilleri, sanly tehnologiýalar we ylymlar boýunça hünärmenleri taýýarlamakdaky tejribesine ýokary baha berip, türkmen ýokary okuw jaýlarynda hytaý diliniň öwredilmegini işjeň ösdürýär.

Ministr Türkmenistanyň we Hytaýyň strategik hyzmatdaşlygynyň çäginde amala aşyrylýan netijeli mugallymlar we talyplar alyş-çalyşlary, şeýle-de bilelikdäki ylmy-bilim taslamalary barada habar berdi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň dokuz ýokary okuw mekdebinde müňden gowrak talyp, on mekdebinde bolsa 5700 okuwçy hytaý dilini öwrenýär. Türkmen we hytaý wekilleriniň halkara olimpiadalaryna we medeni çärelerine gatnaşmagy ýurtlaryň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Saparyň çäginde J. Gurbangeldiýew bilen Hytaýyň bilim ministriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk hem geçirildi. Onda mugallymlary bilelikde taýýarlamak, Türkmenistanda hytaý diliniň öwredilişini giňeltmek, şeýle hem hünär-tehniki we ýokary bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de taraplar Hytaýyň bilim grantlaryny mundan beýläk ulanmak we emeli añ boýunça bilelikdäki okuw barlaghanalaryny döretmek mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Mundan başga-da, Hytaýyň Sinzýan-Uýgur awtonom welaýatyndaky ýokary okuw mekdeplerinde bakalawr derejesinde bilim almak üçin 100 ýaş türkmenistanlynyň saýlanylmagynyň dowam edýändigi mälim edildi.

Şeýlelikde, «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyndaky hyzmatdaşlyk işjeň ösmegini dowam etdirýär, bilim ulgamyndaky gatnaşyklary pugtalandyrýar we sebitiň ýurtlary bilen Hytaýyň arasyndaky umumy hyzmatdaşlyga goşant goşýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026