

Wolodin «Hazar bäşligi» parlament formatynyň döredilmeginiň möhümdigini belledi
Aşgabada bolan saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň parlamentinde (Mejlisinde) çykyş etmek bilen, Russiýanyň Döwlet Dumasynyň başlygy Wýaçeslaw Wolodin «Hazar bäşligi» parlament formatynyň döredilmeginiň möhümdigini belledi – diýip, «RIA Nowosti» habar berýär Döwlet Dumasynyň başlygynyň sözlerine görä, bu bäş Hazarýaka döwletleriniň – Türkmenistanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Eýranyň baştutanlarynyň öňki gazanan ylalaşyklarynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna ýardam eder.



















