

Türkmen agyr atletikaçysy Albaniýadaky ýetginjekleriň çempionatynda bürünç medal gazandy
Türkmen ştangaçysy Gülälek Kakamyradowa Durresde (Awstriýa) geçýän ýetginjekleriň dünýä çempionaty-2023-de bürünç medaly gazandy.


Türkmen ştangaçysy Gülälek Kakamyradowa Durresde (Awstriýa) geçýän ýetginjekleriň dünýä çempionaty-2023-de bürünç medaly gazandy.


31-nji martda şahyrlaryň, ýazyjylaryň we žurnalistleriň arasynda ahalteke bedewleri temasyndan iň gowy eser üçin bäsleşige ýüz tutmalary tabşyrmagyň soňky güni bolar – diýip, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi habar berýär.


ABŞ-da ýerleşýän dünýädäki iri maýa goýum banklarynyň biri Goldman Sachs emeli intellektiň (EI) ösmeginiň iş orunlarynyň 25%-niň doly awtomatlaşdyrylmagyna getirip biljekdigini çaklady.


Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky 2022-nji ýylyň jemleri boýunça amallar bilen baglanyşykly töwekgelçilikler boýunça bankyň içerki gözegçilik ulgamynyň auditini geçirmek üçin halkara tenderini yglan etdi.


Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasy Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň diplomatik wekilhanalary bilen, şeýle hem Wenanyň diplomatik akademiýasy bilen bilelikde Türki dilli döwletleriň guramasynyň plenar sessiýasyna gatnaşar.


Merkezi Aziýanyň bäş döwleti, «Bitewi saglyk» çemeleşmesi bilen landşaftyň umumy durnuklylygyny ýokarlandyrmak arkaly sebitdäki ýokançlaryň (adamlara haýwanlardan ýokaşýan ýokançlyklar) töwekgelçiligini azaltmaga gyzyklanma bildirýändiklerini bilelikde tassykladylar. Bu niýet Daşkentde çarşenbe güni Özbegistanyň Tebigy baýlyklar ministrligi we Halkara tebigaty goramak bileleşigi tarapyndan bilelikde gurnalan üç günlük sebitleýin seminaryň ýapylyşynda hödürlendi.


Russiýadaky we GDA ýurtlaryndaky iri öýjükli telefon operatorlaryň biri bolan МТС bütindünýä brendingine üýtgetme geçirdi. Kompaniýa täze strategiýany we bazardaky ýerleşmesini beýan edýän täze söwda nyşanyny hödürledi.


Bir wagtlar meşhur mobil telefon öndürijisi Nokia aýa 4G tehnologiýasyny çykarmaga taýýarlanýar. Ulgam 2023-nji ýylyň noýabr aýynda «SpaceX Falcon 9» raketasynda uçmagy meýilleşdirýän «Intuitive Machines IM-2»-yň missiýasy wagtynda ýaýbaňlanar.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 10-11-nji aprelde resmi sapar bilen Täjigistana geler –diýip, Täjigistanyň baştutanynyň metbugat-gullugyna salgylanyp, «Aziýa Plýus» neşiri habar berýär.


Türkmenistandaky BMG-niň Ösüş Maksatnamasy BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy bilen bilelikde Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş babatynda bütindünýä Gün tertibini ýerine ýetirmeginiň ikinji Meýletin milli synynyň (MMS) taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin seminar geçirdi.


Gazagystanyň Majilisi (parlamentiň aşaky palatasy) ýurduň premýer-ministri wezipesine Alihan Smailowyň bellenmegini makullady.


Türkmenistanyň we Täjigistanyň telekeçileriniň Işewürler geňeşiniň birinji ýygnagy we işewürlik forumy şu ýylyň 6-njy aprelinden 8-nji apreli aralygynda Duşenbede geçiriler – diýip, Täjigistanyň «Howar» agentligi habar berýär.


Alibaba-nyň düzüminiň gaýtadan gurulmagy hem kompaniýanyň özüniň, hem-de Hytaýyň beýleki IT-ägirtleriniň paýnamalarynyň bahasynyň ýokarlanmagyna getirdi – diýip, China daily habar berýär.


Türkmenistanyň basketbol boýunça Milli Ýygyndysy Aziýanyň Kubogy-2023- saýlama ýaryşynyň 2-nj tapgyrynyň oýnunda Tonga Patyşalygyndan ýeňiş gazandy.


Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 3:1 hasabynda BAE-niň güýçlüligi boýunça ikinji orunda durýan «Ýunaýtid» toparyny ýeňdi.