

Türkmen talyplary mehanika boýunça Halkara olimpiadasynda 45 medal gazandylar
Türkmen talyplary Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty tarapyndan gurnalan teoretiki mehanika boýunça II Açyk halkara talyplar olimpiadasynda 45 medal gazandylar.


Türkmen talyplary Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty tarapyndan gurnalan teoretiki mehanika boýunça II Açyk halkara talyplar olimpiadasynda 45 medal gazandylar.


Azerbaýjan aňsat ot alýan materiallaryň daşalmagy üçin tölegi, uly ýük awtoulaglary üçin şäher salgydyny ýatyrdy, araçäkden geçilmegi üçin ýygymlary azaltdy we olaryň çägini 41 tonna çenli artdyrdy – diýip, respublikadaky türkmen ilçihanasy habar berýär.


Duşenbe güni, 3-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $1 mln amerikan dollaryna we 252 müň türkmen manadyna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy –diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy türkmen, gazak, rus we iňlis dillerinde talyp ýaşlaryň arasynda okyjylaryň arasynda bäsleşik geçirilýändigini yglan etdi – diýip, diplomatik wekilhananyň saýtynda habar berilýär.


Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Özbegistanyň «Özbegistan Respublikasynyň Konstitusiýasy hakynda» Konstitusion kanunyň taslamasy boýunça 30-njy aprelde boljak referendumda ses bermek üçin Aşgabatda saýlaw uçastogyny açdy. Bu baradaky bildirişi «Neýtralnyý Turkmenistan»gazeti 4-nji aprelde çap etdi.


Hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegini Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň wekiliýeti bilen ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň gümrük edarasynyň saýtynda habar berilýär.


Türkmenistanyň Söwda maglumatlarynyň täze Portalyna şu gün Aşgabatda açylan ýurduň söwda toplumynyň sergisinde badalga berildi. Saýt kiçi we orta telekeçilige önümi eksport etmek, üstaşyr geçirmek we import etmek bilen baglanyşykly maglumatlary tiz we amatly görnüşde tapmaga kömek etmäge niýetlenendir.


Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy (TDHÇB) öz işjeňligini sanlylaşdyrmagy işläp düzmek we ornaşdyrmak boýunça milli walýutada ozal yglan edilen açyk tenderiň möhletini uzaltdy.


Hazarýaka döwletleriniň ýetginjekler simfoniki orkestrini Astrahanda dörederler – diýip, TASS habar berýär. Kollektiwe 12 ýaşdan 22 ýaşa çenli bolan ýetginjek sazandalar girer. Orkestr iýun aýynda boljak Russiýanyň Güni mynasybetli çykyş eder.


Türkmenistanda «Eksport-import amallary üçin birpenjiräniň» ornaşdyrylmagy boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçdi – diýlip, ýurduň Döwlet gümrük gullugynyň saýtynda habar berilýär.


Ýewropa Birleşigi Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, ýaş alymlaryň we inženerçilik, energetika, ekologiýa we howany öwrenmek boýunça hünärmenleriň arasynda Instagramda Reels4SustainableEnergy gysga wideorolikleriň sebitleýin bäsleşigine badalga berýär.


D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan 9-11-nji synp mekdep okuwçylarynyň arasynda iňlis dilinden birinji olimpiada geçirildi, oňa 2282 okuwçy gatnaşdy.


Şenbe güni, 1-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $1,9 mln amerikan dollaryna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


«Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» Halkara ykdysady forumyň gatnaşyjylaryna 800-den gowrak meýletinçi kömek eder – diýip, Tatarystan Respublikasynyň Ýaşlaryň işi boýunça ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.


«Uzynada» nebit ýatagynda nebiti separasiýa etmek, kondensaty ýygnamak we sorup almak üçin desgany gurarlar. Degişli halkara tender-bäsleşigi «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde çap edildi.