HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda importy we eksport ýeňilleşdirmek üçin Söwda maglumatlarynyň Portalyna badalga berildi

Aprel 04, 2023 | 02:06 |12837
Türkmenistanyň Söwda maglumatlarynyň täze Portalyna şu gün Aşgabatda açylan ýurduň söwda toplumynyň sergisinde badalga berildi. Saýt kiçi we orta telekeçilige önümi eksport etmek, üstaşyr geçirmek we import etmek bilen baglanyşykly maglumatlary tiz we amatly görnüşde tapmaga kömek etmäge niýetlenendir.Türkmenistanyň Söwda maglumatlarynyň täze Portalyna şu gün Aşgabatda açylan ýurduň söwda toplumynyň sergisinde badalga berildi. Saýt kiçi we orta telekeçilige önümi eksport etmek, üstaşyr geçirmek we import etmek bilen baglanyşykly maglumatlary tiz we amatly görnüşde tapmaga kömek etmäge niýetlenendir.
Çeşme: ORIENT-iň redaksiýasy

Türkmenistanyň Söwda maglumatlarynyň täze Portalyna şu gün Aşgabatda açylan ýurduň söwda toplumynyň sergisinde badalga berildi. Saýt kiçi we orta telekeçilige önümi eksport etmek, üstaşyr geçirmek we import etmek bilen baglanyşykly maglumatlary tiz we amatly görnüşde tapmaga kömek etmäge niýetlenendir.

«Biz portalyň söwda gatnaşyjylara, hususan-da — kiçi we orta kärhanalara —dürli söwda amallaryny amala aşyrmakda kömek etjekdigine, şeýle hem daşary söwdany has howpsuz etjekdigine garaşýarys» - diýip, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary Kerimberdi Gurbanow Portalyň işe girizilmegine bagyşlanan metbugat maslahatda beýan etdi.

Пресс-конференция по случаю запуска Портала торговой информации Туркменистана в отеле «Йлыдыз» в Ашхабаде

Türkmenistanyň söwda maglumaty boýunça Portalyň işe giriizlmegi mynasybetli Aşgabatdaky «Ýyldyz» otelindaki metbugat-maslahaty

Onlaýn-paltformada sertifikatlaşdyrmaga, işi ygtyýarlandyrmaga we söwda amallaryny amala aşyrmak üçin gerekli bolan formalaryň we resminamalaryň 250-den gowrak nusgalary bardyr. Portal strategiki topardaky harytlaryň 25-ni we gümrük amallary üçin 418 kody gurşap alýar. Aýratyn üns oba hojalyk önümlerinde jemlenendir.

Platformany işläp düzmegi bilen ÝB-niň Ready4TradeMerkezi Aziýa taslamasy Halkara söwda merkeziniň goldaw bermeginde Türkmenistanyň Bütindünýa söwda guramasyna (WTO) agzalygyna ýardam etmek we öňe sürmek maksady bilen alnyp baryldy.

Portalda hödürlenen maglumat şu aşakdakylar üçin peýdaly bolar:

– eksport, import edijilere, gümrük brokerlerine, ekspeditorlara we ýük daşaýjylara,
– geljekdäki türkmen we daşary ýurt maýa goýumçylaryna,
– hökümetlere we halkara guramalaryna,
– alymlara we ylmy-barlagçylara.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026