

Elektronika dünýäsi tozan sorujylary 10% arzanladyş bilen satyn almagy teklip edýär
Elektronika dünýäsi we «Berkarar» SDAM-däki Samsung dükänlary ynamly öndürijiden ýokary hilli tozan sorujy edinmek isleýänler üçin täze amatly aksiýa badalga berýär.


Elektronika dünýäsi we «Berkarar» SDAM-däki Samsung dükänlary ynamly öndürijiden ýokary hilli tozan sorujy edinmek isleýänler üçin täze amatly aksiýa badalga berýär.


Geçen maliýe ýylynda (20-nji martda tamamlandy) Eýranyň Hazar deňziniň kenarýaka döwletleri bilen söwdasy (çig nebit eksportyny hasaba almazdan) 3,81 milliard dollara deň bolan 6,89 million tonna boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, söwdanyň fiziki göwrümi boýunça 12,78% peselendigini, emma maliýe hasabynda 9.51% ýokarlanandygyny aňladýar – diýip, Financial Tribune neşiri Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň maglumatlaryny getirýär.


Her ýylda 1-nji maýda bellenip geçilýän Zähmetkeşleriň Halkara raýdaşlyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçihanasynyň işgärleri Pekiniň gadymy bölegi boýunça agşamky welosiped gezelenjine çykdylar. Bu barada ORIENT-e türkmen diplomatik wekilhanasynda gürrüň berdiler.


Hytaýyň işewür işjeňliginiň önümçilik däl görkezijisi hyzmatlar ulgamynyň tiz dikelmegi we gurluşyk pudagynyň depginli ösmegi sebäpli dört aý bäri yzygiderli ösüşleri görkezýär. Bu barada ýekşenbe güni çap edilen resmi maglumatlara salgylanyp, Sinhua agentligi habar berýär.


29-njy aprelden başlap Türkmenistandan Hytaýa barýan ýolagçylara COVID-19 PSR-testiniň ýerine antigenlere test tabşyrmaga rugsat edildi. Bu barada HHR-nyň ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berilýär.


Her ýylyň 31-nji maýynda bellenip geçilýän Bütindünýä temmäkisiz gününe bagyşlanyp, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi BSGG-nyň Ýurt edarasy bilen bilelikde çäreleriň bir aýlygyna badalga berdiler.


«Al-Watba» arap welosipedçiler toparynyň wekiliýeti (BAE) Türkmenistana geldi – diýip, Al-Ittihad habar berýär. Sapar Türkmenistanyň Welosiped sporty federasiýasynyň çakylygy boýunça BAE-niň Aşgabatdaky ilçihanasynyň goldaw bermeginde amala aşyryldy.


BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany üçin Ykdysady we sosial komissiýasynyň hünärmenleri türkmen tarapy üçin «Hiç kimi yzda galdyrmaly däl» (LNOB) platformasynyň seljermesi boýunça okuw geçirdiler. Bu barada BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň Edarasynyň saýtynda habar berilýär.


Deslapky netijelere görä, 30-njy aprelde 17:00 wagtdaky ýagdaýa laýyklykda, Özbegistanda täze konstitusiýany kabul etmek boýunça sala salşyklarda ses berenleriň sany 15 million 802 müň 95 adam boldy. Bu barada Özbegistanyň Milli maglumatlar agentligi habar berýär.


Maý aýyndan başlap OPEK+ ylalaşygyna agza ýurtlaryň, şol sanda iri nebit öndüriji — Saud Arabystany — nebiti çykarmagy meýletin kemeldip başladylar – diýip, TASS habar berýär.


Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2023-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 10,5% artdy we ABŞ-nyň 263,4 mln dollaryna ýetdi. Şeýle maglumatlar Özbegistanyň sebitiň ýurtlary bilen söwdasynyň infografikasynda getirilendir – diýip, ÖR-nyň Statistika baradaky agentligi habar berýär.


Türkiýe Türkmenistandan talyplara berilýän kwotalary artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada ORIENT-iň habarçysyna beren interwýusynda Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň Daşary ýurtdaky watandaşlaryň we arkadaş jemgyýetleriň işleri boýunça baş müdirliginiň Başlygy Abdullah Eren Stambulda tamamlanan TEKNOFEST festiwalynyň çäklerinde gürrüň berdi.


Türkmenistanda 2023-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda nägt däl amallaryň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 41,05% artyp, 3,83 mlrd türkmen manadyna deň boldy. Muňa Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan çap edilen maglumatlar şaýatlyk edýär.


1-nji maýdan 25-nji maý aralygynda Täjigistanda Merkezi Aziýanyň gadymy taryhyny öwrenmek boýunça uly gerimli ekspedisiýa guralar. MDU-niň we Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary mele toprakly paleolit düşelgeleriniň ylmy-barlagyny geçirerler. Bu ajaýyp arheologik desgalar 1 mln ýyl mundan ozal adamzadyň Merkezi Aziýa girmeginiň şaýatlarydyr.


Türkiýäniň Trendyol söwda platformasy Azerbaýjanyň bazaryna çykar – diýip, Türkiýäniň Senagat we tehnologiýalar ministri Mustapa Warank Stambulda geçýän aerokosmiki tehnikanyň festiwalynyň barşynda beýan etdi - diýip, «Anadolu» agentligi habar berýär.