

Ysraýylda dünýäde ilkinji displeýsiz noutbuk bilen tanyşdyrdylar
Ysraýylyň Sightful startapy Spacetop atly dünýäde ilkinji displeýsiz noutbuk bilen tanyşdyrdy – diýip, Tom`s Hardware portaly habar berýär.


Ysraýylyň Sightful startapy Spacetop atly dünýäde ilkinji displeýsiz noutbuk bilen tanyşdyrdy – diýip, Tom`s Hardware portaly habar berýär.


Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow we ýurduň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli toparynyň sekretary Çynar Rüstemowa Eýranyň Gülistan welaýatynyň medeniýet işgärleri bilen bilelikde Magtymgulynyň 300 ýyllygynyň baýram edilmegine gatnaşdylar – diýip, Tehran Times habar berýär.


260 ga-dan gowrak ýer demirgazyk eýran welaýaty Mazenderanda bezeg güllerini kesip almak üçin eýelenendir. Oba hojalyk ministrliginiň ýerli bölümi bu önümi Türkmenistana, şeýle hem Gazagystana we Russiýa eksport etmegi meýilleşdirýär – diýip, Tehran Times habar berýär.


Ýewropadan Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ugry boýunça ýükleri daşamak maksady bilen, TRASEKA-nyň hökümetara toparynyň hemişelik sekretariaty ýükleriň synag daşamalaryny ýarym tirkegler arkaly çalşylýan ýük ulaglary arkaly badalga bermegi meýilleşdirýär.


Galyndylaryň energiýanyň alternatiw çeşmesi hökmünde ulanylmak mümkinçiligi BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan guralan seminarda ara alnyp maslahatlaşyldy.


Anna güni, 19-njy maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $6,9 mln amerikan dollaryna deň bolan 7 geleşik baglaşyldy - diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary Begmyrat Ataýew BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Armida Salsiýa Alisjabana bilen Aziýa we Ýuwaş ummany üçin Ykdysady we sosial komissiýasynyň (ESKATO) arasynda türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşdy.


Türkmenstanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanyň Patyşa maşgalasynyň wekili, emir Muhammad bin Saad ben Halid Al Saud bilen gepleşikleri geçirdi, onuň bilen türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.


Ösen tehnologiýalar, depginli dinamika döwründe iş-aladalar bilen gurşalan adamlar iň möhüm zady – beden we ruhy sagatlygyny ünsden düşürýärler. Daşky gurşawyň ruhy saglyga edýän täsirini peseltmegiň ähmiýeti sport bilen meşgullanmakdan we dogry iýmitlenmekden pes däldir, şunuň bilen baglylykda Aşgabatda ilkinji gezek Welnes güni (Beden we ruhy saglygyň güni) geçiriler.


Ýaş žurnalistleriň "Medeniýetleriň dialogy" atly XVII Halkara metbugat forumy anna güni Newa boýundaky şäherde 15 ýurduň bilermenlerini ýygnady. KHBS-niň ýaş wekilleri Ýewraziýanyň media giňişliginde medeniýetleriň gepleşiklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyk Döwlet Ermitaj muzeýinde geçirilýär, - diýip, RIA Nowosti taslamanyň metbugat gullugyna salgylanmak bilen habar berýär.


Owganystanyň Senagat we söwda ministri Nuruddin Aziziniň Sputnik agentligine habar bermegine görä, Kabul Russiýanyň kompaniýalaryndan nebit önümlerini satyn almak mümkinçiliklerine garaýar we Russiýanyň “Tatneft” nebit kompaniýasy bilen şertnama baglaşmagy göz öňünde tutýar.


Noýabr aýynda Türkmenistanyň Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň Ýaşlar forumy geçiriler. Bu başlangyç Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan 18-nji maýda Sian şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa-Hytaý” ilkinji sammitinde öňe sürüldi.


Ikinji ÝB-Merkezi Aziýa ykdysady forumy anna güni Almatyda geçirildi. Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça ýokary derejeli umumy mejlisiň işine, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy habar berýär.


Tatarystandaky türkmen wekiliýetiniň başlygy, Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni “Russiýa — Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň mejlisine gatnaşdy. Ol KazanForum Halkara ykdysady forumyň çäginde geçirildi.


Türkmen wekiliýetiniň we Gruziýa tarapynyň wekilleri penşenbe güni Tbiliside Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Milli dil, edebiýat we golýazmalar instituty bilen Gruziýanyň milli golýazmalar merkeziniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýty habar berýär.