HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Peterburgda ýewraziýaly žurnalistleriň gatnaşmagynda "Medeniýetleriň dialogy" atly metbugat forumy geçirilýär

Maý 19, 2023 | 22:35 |9159
Ýaş žurnalistleriň "Medeniýetleriň dialogy" atly XVII Halkara metbugat forumy
anna güni Newa boýundaky şäherde 15 ýurduň bilermenlerini ýygnady. KHBS-niň ýaş
wekilleri Ýewraziýanyň media giňişliginde medeniýetleriň gepleşiklerini ara alyp
maslahatlaşdylar. Duşuşyk Döwlet Ermitaj muzeýinde geçirilýär, - diýip, RIA Nowosti
taslamanyň metbugat gullugyna salgylanmak bilen habar berýär.Ýaş žurnalistleriň "Medeniýetleriň dialogy" atly XVII Halkara metbugat forumy
anna güni Newa boýundaky şäherde 15 ýurduň bilermenlerini ýygnady. KHBS-niň ýaş
wekilleri Ýewraziýanyň media giňişliginde medeniýetleriň gepleşiklerini ara alyp
maslahatlaşdylar. Duşuşyk Döwlet Ermitaj muzeýinde geçirilýär, - diýip, RIA Nowosti
taslamanyň metbugat gullugyna salgylanmak bilen habar berýär.
Çeşme: RIA Nowosti

Ýaş žurnalistleriň "Medeniýetleriň dialogy" atly XVII Halkara metbugat forumy anna güni Newa boýundaky şäherde 15 ýurduň bilermenlerini ýygnady. KHBS-niň ýaş wekilleri Ýewraziýanyň media giňişliginde medeniýetleriň gepleşiklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyk Döwlet Ermitaj muzeýinde geçirilýär, - diýip, RIA Nowosti taslamanyň metbugat gullugyna salgylanmak bilen habar berýär.

Metbugat beýanatynda: "17 ýyl bäri forum gepleşik görnüşine gatnaşyjylaryň häzirki zaman metbugat meselelerine jogap gözleýän, dürli medeniýetleri birleşdirmäge gönükdirilen döredijilik taslamalaryny hödürleýän ýeri bolup galýar" – diýilýär.

Şenbe güni, 20-nji maýda “Men bu ýerde ýaşaýaryn” atly halkara fotosurat sergisi açylar. Sergi Ýewraziýanyň ýaş awtorlaryň iň gowy foto eserleriniň 400-sinden düzülendir.

Forumyň çäginde sanly platformalar üçin "Men bu ýerde ýaşaýaryn" atly dokumental filmler, teleýaýlym programmalary we wideo taslamalary festiwaly hem geçiriler. Maksatnama 14 ýurtdan hödürlenen taslamalary öz içine alýar. Ermitajda iki günlük işden soňra foruma gatnaşyjylar we Sankt-Peterburg döwlet kino we telewideniýe institutynyň talyplary Gatçinä, Şlisselburga, Tosna, Wyborga, Welikiý Nowgoroda, Petrozawodskä we Pskowa baryp, “Russiýada bir gün” atly demirgazyk- günbatar sebiti barada gürrüň berýän wideoýazgylary taýýarlarlar.

“Mediýa forumymyz başga bir medeniýetiň wekiliniň gözi bilen özümizi görmäge kömek edýär. Dialogda şeýle uç-gyraksyz we heniz doly öwrenilmedik Ýewraziýanyň hakykatdanam dürli derejedäki dialoglar arkaly göze görünmeýän we asla duýulmaýan, ýöne juda pugta özara baglanyşygynyň bardygy aýdyň bolýar” – diýip, guramaçylyk toparynyň başlygy Aşot Jazoýan taslama barada gürrüň berýär.

Metbugat forumy 23-nji maýda öz işini tamamlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026