Habarlar

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda 2022-nji ýylda 5 esse, 2023-nji ýylda 2 esse ösdiTürkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda 2022-nji ýylda 5 esse, 2023-nji ýylda 2 esse ösdi

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda 2022-nji ýylda 5 esse, 2023-nji ýylda 2 esse ösdi

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara haryt dolanyşygy, 2021-nji ýyla garanyňda, 2022-nji ýylda 5 esse artdy we şu ýylyň başyndan bäri, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, takmynan 2 esse ýokarlandy. Bu barada wise- premýer Batyr Atdaew Azerbaýjan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilen dabaraly kabul edişlikde eden çykyşynda aýtdy.

Aşgabatda Türkmenistan bilen BSG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldyAşgabatda Türkmenistan bilen BSG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabatda Türkmenistan bilen BSG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi meselesi duşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajyýew we BSG-e goşulmak boýunça bölüminiň müdiri Maýka Oşikawa bilen ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilermen, Türkmen paýtagtyna iş sapary bilen geldi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýty habar berýär.

Türkmenistanyň üstaşyr mümkinçiligi – maýa goýumlarynyň geljegi uly ugryTürkmenistanyň üstaşyr mümkinçiligi – maýa goýumlarynyň geljegi uly ugry

Türkmenistanyň üstaşyr mümkinçiligi – maýa goýumlarynyň geljegi uly ugry

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Moskwada ýakynda geçirilen Ýokary Ýewraziýa ykdysady geňeşiniň mejlisinde ÝAYG ýurtlaryna Türkmenistanyň we Eýranyň deňizde we gury portlarynda infrastrukturany gurmak üçin bilelikdäki maýa goýumlarynyň mümkinçiligine garamaga çagyrdy. Onuň pikiriçe, bu bileleşige agza döwletleriň eksportynyň geografiýasyny ep-esli giňelder we maddy-tehniki mümkinçiliklerini güýçlendirer.