

43 ýylyň dowamynda ilkinji gezek Apple-iň bazar nyrhy iň ýokary görkezijisine ýetdi
43 ýylyň dowamynda ilkinji gezek Apple amerikan korporasiýasynyň bazar nyrhy 3,04 trln. dollara ýetdi- diýip, CNBC neşiri habar berýär.


43 ýylyň dowamynda ilkinji gezek Apple amerikan korporasiýasynyň bazar nyrhy 3,04 trln. dollara ýetdi- diýip, CNBC neşiri habar berýär.


Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky ilçisi Maksat Çaryýew ÝUNESKO-nyň Ählumumy maslahatynyň nobatdan daşary 5-nji sessiýasyny gatnaşdy. Bu sessiýany geçirmek Ýaponiýa döwleti tarapyndan öňe sürüp, 150 döwlet şol sanda Türkmenistan tarapyndan hem goldanyldy. Bu barada Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy habar berýär.


Aziýa ösüş banky Türkmenistanda durnukly we inkýuziw durmuş goraglylyk ulgamyny döretmek işine gatnaşar. Munuň üçin halkara maliýe edarasy 1,1 million dollar maýa göňükdirer diýip, "Trend" habarlar agentligi mälim edýär.


Popcorn Computer kompaniýasy fleş-saklaýjy görnüşinde ýerine ýetirilen PopStick atly kiçijik kompýuteri tanyşdyrdy.


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanyna haj saparynyň barşynda Mekke şäherinde gurbanlyk sadakasyny berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.


Daşary ýurt habarçylary bilen Minskidäki «Динамо» stadionyna baryp görmegiň dowamynda Belorusyň sport we syýahatçylyk ministri Sergeý Kowalçuk GDA ýurtlarynyň II Oýunlaryna taýýarlyk barada gürrüň berdi- diýip, BelTA habar berýär.


Ýewropa Komissiýasy 30-njy iýunda Ýewropa Bileleşigi bilen MA-nyň arasyndaky durnukly ulag baglanyşyklaryna düýpli mümkin bolan maýa goýumlary üçin berk binýady üpjün edýän «Global derwezeler» strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäre hökümndeÝewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky durnukly ulag baglanyşyklary baradaky gözlegiň netijelerini çap etdi.


3-nji iýul, duşenbe güni Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkinde Moskwanyň Uly döwlet sirkiniň we Reňkli bulwardaky Moskwa Nikulin sirkiniň artistleriniň çykyşy başlanýar. Çykyşlar tutuş hepdäniň dowamynda, 9-njy iýul, ýekşenbe güni hem dowam eder.


Arkadag şäheriniň waspy barha artýar we bu tejribe barada has köp zat öwrenmek üçin bütin dünýäde uly gyzyklanma bildirilýär - diýip, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko anna güni Türkmenistanyň täze şäherinde geçirilen halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda aýtdy.


Täze Arkadag şäherinde “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşygynyň 3G we 4G modelinde işleýän 20 sany beket gurlup ulanylmaga berildi, 20 müň korporatiw we hususy abonent üçin GPON tory hem-de goşmaça giňeltmek mümkinçiligi bilen 235 teleýaýlym üçin IP teleýaýlym ulgamy gurnaldy. Bu barada "Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew anna güni maýa goýum forumynda eden çykyşynda aýtdy.


Şu günler Türkmenistan, raçýatlaryň abadançylygyna we ýurdumyzda ekologiki ýagdaýyň gowulanmagyna gönükdirilen, sanly we ýaşyl tehnologiýalary utgaşdyrmagyň ajaýyp nusgasy we iň iri milli taslamalaryň biri bolan akylly Arkadag şäheriniň açylmagyny giňden gutlaýar.


Arkadag şäheriniň häkimi Şamuhammet Durdylyýew halkara maýa goýum forumynda çykyş edip, maýa goýujylary ýurdumyzyň milli ähmiýetli ilkinji şäheriniň innowasiýa taslamalaryna gatnaşmaga çagyrdy.


Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan gurnalan «Arkadag - akylly şäher» halkara maýa goýum forumy öz işine başlady.


«Ýaşlary ösdürmegiň tomusky maksatnamasy – 2023» 10-njy iýulda Aşgabatda başlar. Türkmenistanda ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilmegine we telekeçilik ukyplarynyň ösmegine hem-de ýaşlaryň işe ýerleşmegine goldaw bermäge gönükdirilen bilim kampaniýasy, USAID-iň häzirki zaman hünär ussatlygyny ösdürmek taslamasy bilen bilelikde «Türkmenistanyň Ykdysadyýetçiler birleşigi» milli jemgyýetçilik birleşigi tarapyndan başladylýar.


Türkmenbaşy bilen Mahaçkalanyň arasynda konteýner ýükleri daşamak üçin 2023- nji ýylyň ahyryna çenli ilkinji ýük gämisiniň yzygider gatnawynyň ýola goýulmagy meýilleşdirilýär. Bu barada TASS-a penşenbe güni Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandr Ýelizarow Mahaçkalada Dagystanyň döwlet häkimiýetleri bilen geçirilen duşuşykdan soň habar berdi.