HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

"Türkmenaragatnaşyk": Arkadag şäheriniň sanly ulgam üpjünçiligi

Iýun 30, 2023 | 19:07 |14731
Täze Arkadag şäherinde “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşygynyň 3G we 4G modelinde işleýän 20 sany beket gurlup ulanylmaga berildi, 20 müň korporatiw we hususy abonent üçin GPON tory hem-de goşmaça giňeltmek mümkinçiligi bilen 235 teleýaýlym üçin IP teleýaýlym ulgamy gurnaldy. Bu barada "Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew anna güni maýa goýum forumynda eden çykyşynda aýtdy.Täze Arkadag şäherinde “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşygynyň 3G we 4G modelinde işleýän 20 sany beket gurlup ulanylmaga berildi, 20 müň korporatiw we hususy abonent üçin GPON tory hem-de goşmaça giňeltmek mümkinçiligi bilen 235 teleýaýlym üçin IP teleýaýlym ulgamy gurnaldy. Bu barada "Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew anna güni maýa goýum forumynda eden çykyşynda aýtdy.
Çeşme: orient.tm

Täze Arkadag şäherinde “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşygynyň 3G we 4G modelinde işleýän 20 sany beket gurlup ulanylmaga berildi, 20 müň korporatiw we hususy abonent üçin GPON tory hem-de goşmaça giňeltmek mümkinçiligi bilen 235 teleýaýlym üçin IP teleýaýlym ulgamy gurnaldy. Bu barada "Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew anna güni maýa goýum forumynda eden çykyşynda aýtdy.

Täze şäherdäki ýaşaýyş jaýlarynyň her bir öýi sekuntda bir gigabaýt tizlik bilen internet elýeterliligini, şeýle hem IP teleýaýlym we telefon aragatnaşygyny üpjün edýän optiki süýümli tora birikdirildi. Daşarky optiki süýüm aragatnaşyk ulgamlary üç ugra gönükdirilendir: ikisi Arkadag şäherini Aşgabat bilen, biri bolsa Gökdepe etraby bilen birleşdirýär. Umumy uzynlygy 400 kilometrden gowrak bolan içerki kabel aragatnaşyk ulgamlary çekildi.

1.JPEG

Arkadag şäherinde “Smart City” (akylly şäher) we “Smart Home” (akylly öý) ulgamlaryny döretmäge we bu hyzmatlardan uzak aralykdan peýdalanmaga mümkinçilik berýän innowasion tehnologiýalara esaslanýan häzirki zaman LoRaWan kabul ediş we iberiş beketleri üçin enjamlar toplumy oturdyldy we işe girizildi. Olar tor enjamlarynyň maglumatlaryny netijeli ýygnamaga we seljermäge mümkinçilik berýän intellektual gözegçilik we dolandyryş infrastrukturasy bilen üpjün edýär, şäherde gurnalan bu enjamlaryň sany 60 müňden hem gowrak – diýip, "Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň başlygy aýtdy.

Hususan-da, “akylly” ýaşaýyş jaý we jemagat hojalygy (ÝJJH) ulgamy üçin elektrik energiýasynyň, gyzgyn we sowuk suwuň, tebigy gazyň sarp edilişiniň hasabyny ýöretmek üçin ölçeg enjamlary oturdyldy. Tebigy gazyň we suwuň syzmagyny anyklamak üçin ýörite habar beriji enjamlar gurnaldy.

Şäheriň edaralary we kärhanalary üçin hem elektrik energiýasynyň, agyz suwunyň we tebigy gazyň sarp edilişini ölçemek, şeýle hem sarp edilişi baradaky maglumatlary sanly ýygnamak we seljermek üçin ulgamlar oturdyldy. Raýatlara bu ulgamyň hyzmatlaryndan onlaýn peýdalanmaga, jemagat hojalygy hyzmatlary üçin tölegleri amala aşyrmaga, zerur maglumatlary sargyt etmäge we almaga mümkinçilik berýän ykjam programma işlenip düzüldi. Şeýle hem bu hyzmat raýatlara we operatorlara jaýdaky ýüze çykan suw we gaz syzyşlary barada habar berer.

2.JPEG

Mundan başga-da, täze şäheriň akylly ýol we ulag ulgamlary “Smart Traffic Light” ulgamyny öz içine alýar. Raýatlardan gyssagly ýüz tutmalary kabul etmek üçin şäheriň derwaýys kömek hyzmatlarynyň birleşen 123 belgili jaň merkezi döredildi. Şeýle hem, 1400-den gowrak lifti bolan şäheriň ähli lift pudagyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýän merkez döredildi.

Şäheriň seýilgählerinde we köpçülik ýerlerinde Wi-Fi zolaklary döredildi we şäheriň edara binalarynda we kärhanalarynda merkezi dolandyryş edarasy bilen birikdirilen elektron resminama dolandyryş ulgamy gurnaldy.

3.JPEG

E.gov.tm döwlet hyzmatlary portalynda Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary, şahsy otag döretmek arkaly, aragatnaşyk we döwlet hyzmatlaryny onlaýn ulanyp, dolandyryp, tölegleri amala aşyryp we ş.m. hyzmatlardan peýdalanyp bilerler.

Şeýle hem elektron mekdebi, elektron kitaphanasy, “Zehin” sanly ulgamy, bilim portaly, lukmanyň kabul edişligine elektron ýazylma, zerur kepilnamalary alma, bank hyzmatlary, elektron söwda ulgamlary, statistik hasabatlary berme mümkinçiligi we beýleki sanly hyzmatlar elýeterli edildi. Arkadag şäheriniň resmi saýtynyň taslamasy taýýarlandy – diýip, Hajymyrat Hudaýgulyýew daşary ýurtly hyzmatdaşlary aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hünärmenleriň arasynda tejribe alyşmaga, özara peýdaly taslamalary, täze tehnologiýalary ara alyp maslahatlaşmaga çagyrdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026
Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

23:42 Iýul 30, 2026
Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

23:16 Iýul 30, 2026