

Italiýanyň öňki premýer-ministri Silwio Berluskoni aradan çykdy
Milanda 86 ýaşynda Italiýanyň öňki premýer-ministri aradan çykdy – diýip, duşenbe güni italiýanyň KHBS habar berdi.


Milanda 86 ýaşynda Italiýanyň öňki premýer-ministri aradan çykdy – diýip, duşenbe güni italiýanyň KHBS habar berdi.


Türkmenistandan 289 zyýaratçy 22-nji iýun - 15-nji iýul aralygynda haj parzyny ýerine ýetirmek üçin Saud Arabystanynda bolarlar. Haj zyýarat üçin ýol çykdajylary "Türkmenhowaýollary" agentliginiň hasabyna ýerine ýetiriler.


Sun-Ways şweýsar startapy demir ýollarda gün panellerini oturtmak boýunça taslamany ýerine ýetirmegi meýilleşdirýär. 60 panel Býutt demir ýol menziliniň çäginde 46,2 metr ýer böleginde relsleriň arasynda ýerleşdiriler.


Kuraş göreşiň halkara birleşmesi IKA Registration System atly täze ulgamy işläp taýýarlaýar, ol birleşmäniň howandarlygynda geçirilýän ýaryşlara onlaýn hasaba alynmaga mümkinçilik berer. Bu barada Kuraş göreşiň halkara birleşmesiniň metbugat gullugy habar berýär.


Pakistanyň nebit we serişdeler hemişelik komitetiniň başlygy Abdul Kadyr «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan» magistral gaz geçirijisiniň taslamasynyň ýakyn wagtda ýerine ýetiriljekdigini beýan etdi – diýip, Daily Times habar berýär.


Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2022-nji ýylda$1,6 mlrd amerikan dollary möçberindäki görkezijä ýetdi. Şeýlelik bilen, Russiýa Türkmenistanyň söwda hyzmatdaşlarynyň iň möhüm üçlüginiň hataryna girýär. Şunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly geljek bardyr.


Şenbe güni, 10-njy iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda ECO-93 kysymly awtoulag benzininiň 10 müň tonnasyny eksport etmek boýunça geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


5 - 11-nji iýunda Astana şäherinde geçirilýän sambo boýunça Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň arasynda türkmen türgenleri jemi 26 medal gazandylar. Olaryň 3-si altyn, 7-si kümüş, 16-sy hem bürünç medallardyr. Bu barada Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti "ORIENT-e" habar berdi.


Bahreýn Patyşalygy 2024-nji ýylda agyr atletika boýunça dünýä Çempionatyny geçirmäge hukuk aldy. Bahreýn bilen birlikde, Ermenistan we Albaniýa Çempionaty geçirmäge dalaşgär ýurtlar hökmünde çykyş edipdiler.


Kazan şäherinde bilim alýan türkmen talyplary Russiýanyň güni mynasybetli Kazan Kremlinde geçirilen “Halklaryň dostlugy” aty dabaraly ýörişe gatnaşdylar. Dabaraly çärede 30-dan gowrak milletiň wekilleri milli aýdymdyr sazlaryny ýerine ýetirdiler.


Ýekşenbe güni, Batumide (Gruziýa) kadetleriň, oglanlaryň we gyzlaryň, ýagny 8 ýaşdan 18 ýaşa çenli ýaş kategoriýalarynda arasynda dünýä çempionatynyň çäginde ikinji ýaryş tamamlandy. Bu ýaryş "blits" düzgünleri bilen geçirilip, oýunçylara her göçüm üçin 2 sekunt goşmak bilen 3 minut bölünip berildi.


Himiýa pudagyndaky açyşlar adamlaryň adaty durmuşyny üýtgetdi. Bu dersiň biologiýa, lukmançylyk, inženerçilik, oba hojalygyna goşan goşantlary iýmitiň, aragatnaşygyň, kesel we şikes bejeriş usullarynyň hiluniň ep-esli ýokarlanmagyna getiren häzirki zaman tehnologiýalaryň ösmegine oňyn täsirini ýetirdi. Meşhur himikleriň gazananlaryna asla kembaha seretmek bolmaz, sebäbi olar bolmasa häzirki zaman dünýäsi düýbünden başgaça bolardy.


Merkezi Aziýadan zehinli ýaşlary Siýanda okamaga çekmek, şeýle hem Sianyň MA sebitindäki bilim täsirini we özüne çekijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Sianyň Ylym we tehnologiýalar uniwersitetiniň Ýokary Tehnologik kolledži “Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy” atly ýörite talyp hakly maksatnama boýunça 2023-nji ýylyň güýzünde resmi kabul edişlige başlaýar. Bu barada Hytaýyň Huayu Education Network bilim hyzmatlary platformasynyň saýtynda habar berilýär.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe ýurduň gündogaryndaky Abaý oblastynda emele gelen giň gerimli tokaý ýangynlary we olaryň adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.


BMG-niň Baş Assambleýasy 12-nji iýuly Çäge we tozan tupanlaryna garşy göreşmegiň halkara güni diýip yglan etdi we bu hadysalara garşy göreşmek we olaryň täsirini gowşatmak üçin global we sebitleýin hyzmatdaşlygyň zerurdygyny belledi.