Habarlar

Hytaýly kompozitoryň «Ýüpek ýoly» sýuitasynyň ilkinji ýerine ýetirilşi Moskwada geçirildiHytaýly kompozitoryň «Ýüpek ýoly» sýuitasynyň ilkinji ýerine ýetirilşi Moskwada geçirildi

Hytaýly kompozitoryň «Ýüpek ýoly» sýuitasynyň ilkinji ýerine ýetirilşi Moskwada geçirildi

Rus-Hytaý simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde kompozitor Wan Ýuanhaonyň «Ýüpek ýoly» sýuitasynyň dünýä premýerasy Moskwada geçirildi. Birbada iki dirižýoryň – Sankt-Peterburg konserwatoriýasynyň uçurymy Wiktoriýa Dobrowolskaýa we Çžen Tunçžonyň ýolbaşçylygyndaky täsin topar Russiýanyň paýtagtynda konsert berdi diýip, «Bolşaýa Aziýa» ýazýar.

Ýapon alymlary täzeden taşlamak we gaýtalamak usullary bilen ýelim döretdilerÝapon alymlary täzeden taşlamak we gaýtalamak usullary bilen ýelim döretdiler

Ýapon alymlary täzeden taşlamak we gaýtalamak usullary bilen ýelim döretdiler

Ýaponiýalr alymlar buýruk boýunça «açyp» we «ýapyp» bolýan ýelimiň düýbünden täze görnüşini döretdiler. Material 40 kg agramly gantelde synag edildi we kiçijik ýelim ony üç gün saklap bilýändigi ýüze çykdy. Bu gözleg, «Talap boýunça taşlamak we köp gezek ulanmak tertipleri bilen biotehniki esasda ýelim» ady bilen Advanced Functional Materials-da çap edildi.

«Balkan» gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda milli flotuň nobatdaky gämisi abatlandy«Balkan» gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda milli flotuň nobatdaky gämisi abatlandy

«Balkan» gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda milli flotuň nobatdaky gämisi abatlandy

«Balkan» gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda milli flotumyzyň nobatdaky gämisine abatlaýyş işleri geçirilip taýýar edildi. «Atamyrat Nyýazow» diýlip atlandyrylýan bu tanker ýakyn günlerde ulanyşa goýberiler. Bir wagtda nebit önümlerini 4260 tonnasyny daşamaga niýetlenen bu gämi 2001-nji ýylda guruldy. Onuň abatlaýyş işleri dolulygyna ýerli hünärmenleriň hasabyna ýerine ýetirildi. Gäminiň abatlanyp, gaýtadaan deňze goýberilmegi ýurdumyzyň nebit önümleriniň eksportyny artdyrmaga özüniň goşandyny goşar.

«Türkmenhowaýollary» 1-nji awgustdan Aşgabat - Moskwa - Aşgabat ugurlaryndaky uçuşlary togtatdy«Türkmenhowaýollary» 1-nji awgustdan Aşgabat - Moskwa - Aşgabat ugurlaryndaky uçuşlary togtatdy

«Türkmenhowaýollary» 1-nji awgustdan Aşgabat - Moskwa - Aşgabat ugurlaryndaky uçuşlary togtatdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi saýty 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyndan «Türkmenhowaýollary» tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat - Moskwa - Aşgabat ugry boýunça uçuşlaryň togtadylmagy barada habar berýär. Howa ýollary. Russiýa uçuşlar Aşgabat - Kazan - Aşgabat ugry boýunça amala aşyrylar. Awiakompaniýanyň kassasynda aýdylanlara görä, Moskwa gatnawlary 22-nji awgusta çenli togtadylýar.