Habarlar

"Türkmenhimiýa" konserni nemes biznesine maýa goýum mümkinçiliklerini hödürledi"Türkmenhimiýa" konserni nemes biznesine maýa goýum mümkinçiliklerini hödürledi

"Türkmenhimiýa" konserni nemes biznesine maýa goýum mümkinçiliklerini hödürledi

"Türkmenhimiýa" döwlet konserni Germaniýa bilen himiki önümleri we çig mallary özara üpjün etmek pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge şeýle hem, hünärli işgärleri taýýarlamak, Türkmenistanda täze himiýa önümçilik desgalaryny gurmak üçin bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek meselesinde gyzyklanma bildirýär. Muny “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy Döwrangeldi Sapbaýew anna güni Berlinde geçirilen türkmen-nemes işewürlik forumynda eden çykyşynda aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow nemes kompaniýalaryny Arkadag şäherinde senagat toplumyny döretmäge gatnaşmak üçin çagyrdyGurbanguly Berdimuhamedow nemes kompaniýalaryny Arkadag şäherinde senagat toplumyny döretmäge gatnaşmak üçin çagyrdy

Gurbanguly Berdimuhamedow nemes kompaniýalaryny Arkadag şäherinde senagat toplumyny döretmäge gatnaşmak üçin çagyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow nemes kompaniýalaryny Arkadag şäherinde senagat toplumyny döretmeklige gatnaşmaga çagyrdy. Döwlet habarlar agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, işewürlik teklibi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleriniň we Germaniýanyň Gündogar ykdysady komitetiniň ýolbaşçylarynyň ýygnagynda eden çykyşynda Berlinde Halk Maslahaty Başlygy tarapyndan aýdyldy.