

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Antoniu Guterrişi BMG-niň güni bilen gutlady
"Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň geljegine berk ynanýar we onuň bütindünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna ägirt uly mümkinçilikleriniň açylmagyna goşant goşmak bilen, bu gurama bilen strategiki hyzmatdaşlygy ösdürmegi we berkitmegi dowam etdirer"- diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň güni mynasybetli Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe iberen gutlagynda aýdylýar.



















