HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türki akademiýanyň wekilleri mart aýynda Türkmenistana sapar ederler

Fewral 27, 2024 | 12:54 |1784
Gazagystandaky Türki akademiýanyň wekilleri mart aýynda “Änew – türki dünýäsiniň medeni paýtagty – 2024” ýylynyň açylmagy mynasybetli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geler.Gazagystandaky Türki akademiýanyň wekilleri mart aýynda “Änew – türki dünýäsiniň medeni paýtagty – 2024” ýylynyň açylmagy mynasybetli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geler.
Çeşme: Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy

Gazagystandaky Türki akademiýanyň wekilleri mart aýynda “Änew – türki dünýäsiniň medeni paýtagty – 2024” ýylynyň açylmagy mynasybetli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geler. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepowyň we Türki akademiýanyň prezidenti Şahin Mustafaýew bilen geçirilen duşuşykda mälim edildi.

Duşuşygyň barşynda türkmen diplomaty şu ýyl iki sany iri – Änew şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi we Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasetli çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigini aýtdy. Bu çäreleriň çäklerinde milli we halkara çäreleriň birnäçesi geçiriler.

Taraplar bilelikdäki çäreleri guramak, medeni-ynsanperwer çäreleri guramaga, türki döwletleriň alymlarynyň gatnaşmagynda ylmy-barlag işleri alyp barmaga ýardam etmegi ylalaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen ilçisi Türki akademiýanyň prezidenti Şahin Mustafaýewe Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar – Watanyň daýajy” atly kitabyny sowgat etdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026
Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

21:52 Awgust 05, 2026