

Aşgabatda ýaş işewür barlagçylaryň toparyna agzalary saýlamak işi geçirilýär
“Harman consulting” kompaniýasy “Global Research Group” atly täze taslamasyna badalga berýändigini yglan edýär.


“Harman consulting” kompaniýasy “Global Research Group” atly täze taslamasyna badalga berýändigini yglan edýär.


Hytaýly alymlar suwy gaýnatmagyň netijesinde ondaky owanuk we iri mikroplastik bölejikleriň 80-90 göteriminiň ýok bolýandygyny anykladylar.


Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Mariýa Şmid Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň daşary işler ministrleri, Gazagystanyň ekologiýa we tebigy serişdeler ministriniň orunbasary bilen duşuşmak üçin 4-6-njy martda Türkmenistana sapar bilen geler.


29-njy fewral - 1-nji mart aralygynda Daşkent şäherinde Merkezi Aziýanyň sebit ykdysady hyzmatdaşlygy (CAREC) maksatnamasynyň Ylymlary ösdürmek boýunça Iş toparynyň birinji mejlisi geçirildi.


Aprel aýynda Ýewropa Bileleşiginde iOS platformasy üçin mobil programmalaryň ilkinji alternatiw dükany açylar.


BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we "Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň arasynda Türkmenistanda pudagara elektron özara gatnaşyklaryň synag ulgamyny ornaşdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmakda tejribeleri öwrenmek maksady bilen 26-njy fewral - 1-nji mart aralygynda agentligiň wekilleriniň Gyrgyzystana sapary guraldy.


Halkara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy biziň öňümizde birnäçe düýpli soraglary goýýar. Özi-de, diňe bir syýasy, ykdysady, hukuk babatda däl-de, eýsem ahlak, adalatlylyk we abraý-mertebe gatnaşyklaryna degişli çynlakaý soraglary hem goýýar, diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji martda üçünji Antalýa diplomatik forumynda eden çykyşynda aýtdy.


Okuwa girmek isleýän daşary ýurt raýatlaryň arzalary 18-nji marta çenli kabul edilýär. Giriş synaglary bolsa (TR YÖS / 1) 18-nji maýda geçiriler.


1-nji martda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçihanasynda şu ýylyň 9-njy fewralyndaky Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň we 22-nji fewralyndaky Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi.


Sankt-Peterburgyň dolandyryş edarasynyň we Milletler öýüniň ýakyndan ýardam etmeginde Sankt-Peterburg şäherindäki Türkmenleriň "Mekan" medeni jemgyýeti hem-de "Anima" bilim merkezi bilelikde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli interaktiw çäre guradylar.


Şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň suwda ýüzmek boýunça ýygyndy topary Ermenistanyň Sahkadzor şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçer.


Bu oýunlar 10 - 16-njy mart aralygynda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde geçiriler.


Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow energetika pudagynyň kuwwatyny, elektrik energiýasynyň eksport edilýän möçberini hem artdyrmagyň möhümdigini belledi.


«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody deňiz gämi gatnaw pudagynda müşderileriň dürli isleglerini kanagatlandyrmak üçin Deňiz agentirleme işleri boýunça hyzmatlary hödürleýär. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi habar berýär.


Hytaý 2024-nji ýylda tebigy gazyň importyny, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 8,2 göterim artdyryp, 179,1 milliard kub metre ýetirer diýip, «Bloomberg» ýurduň iň iri energetika kompaniýasy bolan «China National Petroleum Corp» (CNPC) korporasiýasynyň çaklamalaryna salgylanyp habar berýär.