HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

CNPC: Hytaý 2024-nji ýylda tebigy gazyň importyny 8,2% artdyrar

Mart 02, 2024 | 12:23 |9302
Hytaý 2024-nji ýylda tebigy gazyň importyny, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 8,2 göterim artdyryp, 179,1 milliard kub metre ýetirer diýip, «Bloomberg» ýurduň iň iri energetika kompaniýasy bolan «China National Petroleum Corp» (CNPC) korporasiýasynyň çaklamalaryna salgylanyp habar berýär.Hytaý 2024-nji ýylda tebigy gazyň importyny, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 8,2 göterim artdyryp, 179,1 milliard kub metre ýetirer diýip, «Bloomberg» ýurduň iň iri energetika kompaniýasy bolan «China National Petroleum Corp» (CNPC) korporasiýasynyň çaklamalaryna salgylanyp habar berýär.
Çeşme: profinance.ru

Hytaý 2024-nji ýylda tebigy gazyň importyny, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 8,2 göterim artdyryp, 179,1 milliard kub metre ýetirer diýip, «Bloomberg» ýurduň iň iri energetika kompaniýasy bolan «China National Petroleum Corp» (CNPC) korporasiýasynyň çaklamalaryna salgylanyp habar berýär.

Munuň özi suwuklandyrylan tebigy gazyň bahasynyň arzanladylmagy esasynda gazanylar.

Suwuklandyrylan tebigy gazyň importynyň, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 8,1 göterim artyp, 106,4 milliard kub metre ýetmegine garaşylýar. Ýöne ýurduň içinde kömrüň bahasynyň arzanlamagy sebäpli bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende, haýal depginde öser.

Daşary ýurtlardan getirilýän tebigy gazyň mukdaryny artdyrmagyň esasy çeşmesi uzak möhletli şertnamalar bolar. Şeýle hem Hytaý regazifikasiýa terminallarynyň kuwwatyny artdyrmagyny dowam etdirýär. «CNPC» kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şu ýyl bu görkeziji ýylda 50 million tonna ýeter.

Turbageçiriji arkaly gaz importynyň Russiýadan iberilmeginiň hasabyna, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 8,2 göterim artyp, 72,6 milliard kub metre ýetmegine garaşylýar. Geçen ýyl bu görkeziji, ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende, 6,6 göterim artypdy.

Hytaýda tebigy gaz önümçiliginiň möçberi, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 4,5 göterip artyp, 245,8 milliard kub metre çenli ýokarlanar, ýurtda tebigy gaza bolan islegiň, geçen ýylky görkeziji bilen deňeşdirilende, 6,1göterim artyp, 415,7 milliard kub metre ýetmegine garaşylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026