HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ÝHHG-niň Baş sekretary 4-6-njy martda Türkmenistana sapar bilen geler

Mart 03, 2024 | 10:56 |8700
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Mariýa Şmid Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň daşary işler ministrleri, Gazagystanyň ekologiýa we tebigy serişdeler ministriniň orunbasary bilen duşuşmak üçin 4-6-njy martda Türkmenistana sapar bilen geler.Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Mariýa Şmid Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň daşary işler ministrleri, Gazagystanyň ekologiýa we tebigy serişdeler ministriniň orunbasary bilen duşuşmak üçin 4-6-njy martda Türkmenistana sapar bilen geler.
Çeşme: osce.org

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Mariýa Şmid Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň daşary işler ministrleri, Gazagystanyň ekologiýa we tebigy serişdeler ministriniň orunbasary bilen duşuşmak üçin 4-6-njy martda Türkmenistana sapar bilen geler.

ÝHHG-niň Baş sekretary Aşgabatda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan guralýan ýokary derejeli ýolbaşçylaryň strategik ara alyp maslahatlaşmalaryna gatnaşar. Bu barada Guramanyň web-saýtynda habar berilýär.

Bu maslahatlaşmalaryň howanyň üýtgemeginiň Merkezi Aziýadaky howpsuzlyga we durnuklylyga ýetirýän täsirlerine, şeýle hem serhetüsti suw dolanyşygy, energiýa howpsuzlygy, durnukly arabaglanyşyk, betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak we beýlekiler ýaly sebitde ýüze çykýan çylşyrymly kynçylyklara gönükdiriljekdigi bellenilýär.

Bu duşuşyk geçen ýylyň iýul aýynda guralan ÝHHG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça ýokary derejeli maslahatyndan soň dowam etdirilýän tagallalaryň bir bölegidir. Oňa gatnaşan döwletler howanyň üýtgemeginiň ÝHHG-niň sebitindäki howpsuzlyga we durnuklylyga ýetirip biljek täsirlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Aşgabatda geçiriljek nobatdaky duşuşyk Merkezi Aziýadaky gatnaşyjy döwletler üçin bu kynçylyklary çözmek we sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin esasy mümkinçilikleri beýan etmek we ÝHHG-niň bu tagallalary nädip goldap biljekdigini ara alyp maslahatlaşmak üçin şert döreder.

Saparyň çäklerinde ÝHHG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edilmegine garaşylýar.

Helga Mariýe şeýle hem ÝHHG-niň Merkezi Aziýa döwletlerindäki merkezleriniň ýolbaşçylarynyň ýyllyk duşuşygyna hem başlyklyk eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026