HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan kynçylykly gonan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň dikuçaryny gözlemäge ýardam bermäge taýýar

Maý 20, 2024 | 02:15 |11561
Türkmenistan, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň dikuçaryny gözlemekde Eýrana kömek bermäge taýýardygyny mälim etdi.
“Türkmenistan Eýrana Gündogar Azerbaýjan welaýatynda dikuçaryň «kynçylykly gonmagy» sebäpli zerur bolan kömegi bermäge taýýar” – diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.Türkmenistan, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň dikuçaryny gözlemekde Eýrana kömek bermäge taýýardygyny mälim etdi.
“Türkmenistan Eýrana Gündogar Azerbaýjan welaýatynda dikuçaryň «kynçylykly gonmagy» sebäpli zerur bolan kömegi bermäge taýýar” – diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Çeşme: Ali Hamed Haghdoust/ IRNA via AP

Türkmenistan, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň dikuçaryny gözlemekde Eýrana kömek bermäge taýýardygyny mälim etdi. “Türkmenistan Eýrana Gündogar Azerbaýjan welaýatynda dikuçaryň «kynçylykly gonmagy» sebäpli zerur bolan kömegi bermäge taýýar” – diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Ozal Tasmin agentliginiň habar bermegine görä Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisini we Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýany alyp barýan dikuçar eýran-azerbaýjan serhediniň golaýynda kynçylykly gonýar.

“Prezident we başga-da birnäçe adam birnäçe dikuçarda gaýdyp [Azerbaýjandan] gelýärdi. Dikuçarlaryň biri ýaramaz howa we duman sebäpli kynçylykly gonmana mejbur boldy. Dürli görnüşli halas ediş toparlary dessin bu sebite tarap ugraýarlar, ýöne ýaramaz howa we duman sebäpli dikuçara ýetmek üçin wagt gerek bolup biler" – diýdip Içeri işler ministri Ahmad Wahidi döwlet telewideniýesinde eden çykyşynda habar berdi.

19-njy maýda irden Ebrahim Raisi Azerbaýjanyň Prezideni Ilham Aliýew bilen duşuşyşdy. Iki ýurdyň Liderleri eýran-azerbaýjan serhedinde bendi açdylar.

Umuman alanyňda, prezident kortežinde üç dikuçar bardy. Tasnimiň maglumatlaryna görä, beýleki iki dikuçarda Energetika ministri we Ýol we şäher gurluşyk ministrini bardy we olar barmaly ýerine sag-aman baryp ýetipdirler.

Ýurdyň hökümeti bu ýagdaý bilen baglanyşykly gyssagly ýygnaklar geçirýär we goňşy ýurtlaryň liderleri halas ediş işlerini geçirmekde ýardam bermäge kömek hödürleýärler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

23:45 Oktýabr 27, 2026
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026
Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

23:30 Oktýabr 27, 2026