

Mazari-Şarifdäki Türkmenistanyň Baş konsuly Balhyň gubernatory bilen duşuşdy
Mazari-Şarif şäherindäki Türkmenistanyň Baş konsuly Bazarbaý Käbäýew Owganystanyň Balh welaýatynyň gubernatory bilen geçirilen duşuşygynda TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi, Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasynyň import edilmegi, iki ýurduň arasyndaky demirýoluň işledilmegi, oňaýly ykdysady gatnaşyklaryň ýola goýulmagy we söwdagärler üçin şertleriň döredilmegi iki tarapyň tagallalary bilen ösdürilýändigi barada belledi diýip, Owganystanyň “AVA” agentligi habar berýär.



















