HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Ýewropa, Aziýa we Afrika bilen gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrýar

Sentýabr 25, 2024 | 22:40 |9038
Geçen hepde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy söwda we ykdysady ugurda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe möhüm duşuşyklar üçin meýdança boldy.Geçen hepde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy söwda we ykdysady ugurda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe möhüm duşuşyklar üçin meýdança boldy.
Çeşme: orient.tm

Geçen hepde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy söwda we ykdysady ugurda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe möhüm duşuşyklar üçin meýdança boldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda metbugat gullugynyň habarlary esasynda taýýarlanan gysgaça syn: 17-nji sentýabrda, Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Tailandyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Gatnaşanlar “akylly şäherler”, ýaşyl energiýa we ulag logistikasy ýaly ugurlarda tejribe alyşmak mümkinçiligine ünsi çekip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin mundan beýläkki geňeşmeleriň möhümdigini bellediler.

18-nji sentýabrda Türkmenistan bilen Slowakiýanyň Söwda-senagat edalaralarynyň arasynda wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly konferensiýa geçirildi, oňa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri hem gatnaşdy. Gatnaşanlar Merkezi Aziýada we Merkezi Ýewropada ýerleşýän iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge taýýardyklaryny mälim etdiler we bu maksady amala aşyrmak üçin zerur ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.

20-nji sentýabrda Günbatar Afrika sebitinde ýerleşýän Gana Respublikasynyň Ilçihanasy bilen wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly konferensiýa geçirildi. Bu ýerde, birek-birege peýdaly işewürlik mümkinçiliklerine ünsi jemledi, şunuň bilen baglylykda türkmen telekeçileri Ganadaky geljegi bar bolan taslamalar bilen tanyşmaga we ganaly telekeçiler Türkmenistanyň ösüşleri bilen tanyşdylar mümkinçilik aldylar.

Bu duşuşyklar, ykdysady ösüş üçin täze gözýetimleri açyp, Türkmenistan üçin halkara hyzmatdaşlygynyň strategiki ähmiýetini görkezýär. Tailand, Slowakiýa we Gana bilen berk gatnaşyk gurmak diňe bir söwda gatnaşyklaryny giňeltmek bilen çäklenmän, ählumumy çagyryşlar şertinde dünýäniň dürli sebitleri bilen ýurduň halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak aýratyn möhümdir. Bu köptaraplaýyn çemeleşme, daşary ykdysady gatnaşyklaryň diwersifikasiýalaşmagyna we Türkmenistanyň maýa goýumlarynyň özüne çekijiligini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

23:45 Oktýabr 27, 2026
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026
Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

23:30 Oktýabr 27, 2026