HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bütinrussiýa daşary ýurt edebiýaty kitaphanasynda Magtymgulynyñ heýkeli oturdylar

Sentýabr 26, 2024 | 23:30 |10419
Moskwanyñ Bütinrussiýa daşary ýurt edebiýaty döwlet kitaphanasynda türkmen halkynyñ beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyñ heýkeli oturdylar. Dabaraly çäräniñ geçirilmegi öñümizdäki hepdäniñ başyna, ýagny 30-njy sentýabryna meýilleşdirilen. Granit esasda bürünç heýkeliñ awtory Türkmenistanyñ Suratkeşler birleşiginiñ agzasy heýkeltaraş Zahid Babaýew.Moskwanyñ Bütinrussiýa daşary ýurt edebiýaty döwlet kitaphanasynda türkmen halkynyñ beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyñ heýkeli oturdylar. Dabaraly çäräniñ geçirilmegi öñümizdäki hepdäniñ başyna, ýagny 30-njy sentýabryna meýilleşdirilen. Granit esasda bürünç heýkeliñ awtory Türkmenistanyñ Suratkeşler birleşiginiñ agzasy heýkeltaraş Zahid Babaýew.
Çeşme: libfl.ru

Moskwanyñ Bütinrussiýa daşary ýurt edebiýaty döwlet kitaphanasynda türkmen halkynyñ beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyñ heýkeli oturdylar. Dabaraly çäräniñ geçirilmegi öñümizdäki hepdäniñ başyna, ýagny 30-njy sentýabryna meýilleşdirilen. Granit esasda bürünç heýkeliñ awtory Türkmenistanyñ Suratkeşler birleşiginiñ agzasy heýkeltaraş Zahid Babaýew.

Heýkeliñ açylyş dabarasyna Russiýanyñ döwlet edaralarynyñ, Moskwada akkreditirlenen diplomatik korpusynyñ, döredijilik we ylmy jemgýetçiliginiñ wekilleriniñ, jemgyýetçilik işgärleriniñ we belli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniñ wekilleriniñ gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Dabaranyñ maksatnamasynda Magtymguly Pyragynyñ goşgularynyñ türkmen we rus dillerinde okalyşy, Russiýanyñ we Türkmenistanyñ medeniýet işgärleriniñ çykyşlary bar.

Türkmen edebi diliniñ esaslandyryjysy hasaplanylýan XVIII asyryñ ikinji ýarymynyñ türkmen şahyry we akyldary 1724-nji ýylda doguldy. Öz döredijiligi bilen Pyragy şygyryýetde çeper diliniñ ähmiýetini ösdürip, bogun ölçeg ulgamyny ulanmak bilen däp bolan arap-pars ölçeginiñ ulanylmagyny goýdy. Onuñ goşgulary we poemalary sazandalar we hekaýa aýdyjylar tarapyndan dilden geçirilip, XIX asyryñ birinji ýarymynda çap edilip başlandy.

Dabara Russiýa Federasiýasynda Türkmenistanyñ ilçihanasy tarapyndan Magtymgulynyñ doglan gününiñ 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýär.


26092024-v-moskovskoj-biblioteke-byust-mahtumkuli (2).jpg

Moskwanyñ daşary ýurt edebiýatynyñ kitaphanasynyñ howlusynda baş girelgesiniñ öñünde 20-den gowrak meşhur ýazyjylaryñ we akyldarlaryñ heýkelleri we yadygärlikleri oturdylan. Dmitriý Lihaçýowyñ we Simon Boliwaryñ, Ýuriý Lotmanyñ we Ýaroslaw Gaşegyñ, Awraam Linkolnyñ we Ioann Pawel III-niñ, Jeýms Joýsuñ we beýleki tanymal edebiýatçylaryñ heýkelleri bu howlujygy Moskwada iñ köp heýkelleriñ ýerleşdirilen ýerine öwürdi. Kolleksiýa wagtal-wagtal kitaphana sowgat edilen täze heýkeller bilen dolýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

23:45 Oktýabr 27, 2026
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026
Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

23:30 Oktýabr 27, 2026