

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Mihail Kawelaşwilä Gruziýanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.


Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Mihail Kawelaşwilä Gruziýanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.


Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk öwreniş hünäriniň 4-nji ýyl talyby H.Myratgeldiýewa Ýaponiýanyň Özara düşünişmek, itellektual gatnaşyklar we akademiki alyş-çalyş başlangyjy atly (MIRAI) okuw maksatnamasynyň «Kanunyň hökmürowanlygy» ugry boýunça gysga möhletli okuwa gatnaşdy. Okuw 13-21-nji ýanwar aralygynda gecirildi.


Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktory, Sportuň suwdaky görnüşleri boýunça bütindünýä guramasynyň prezidenti Huseýn Al-Musallamy kabul etdi.


2024-nji ýylda Hytaý-Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy (ŞHG) görkeziş zolagyndan TIR (Transports Internationaux Routiers, halkara ýol daşamasy) ulgamyny ulanmak bilen ýük awtomobilleriň ýollanmasy 283 ýetdi. Bu habar Sindao gümrügi tarapyndan berildi diýip, Sinhua agentligi belleýär.


23-nji ýanwarda, penşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa we ýeňil senagaty önümleri ýerlenildi.


1-10-njy mart aralygynda geçiriljek serginiň guramaçylyk meselelerini Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Kataryň wekilleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly maslahatlaşdy


Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekiliýeti we oňa gatnaşyjy agzalary 18-24-nji ýanwar aralygynda Eýran adasynda geçirilýän “Kiş Expo 2025” halkara sergisine gatnaşdy


Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa 23-nji ýanwarda ÝUNISEF-niň ýurtdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Jalpa Ratnanyň bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar çagalaryň hukuklaryny üpjün etmek we öňe sürmek ugrundaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar


Wise-kansler Endrýu Linnonyň ýolbaşçylygyndaky Westminster uniwersitetiniň wekiliýeti Türkmenistana geldi. Britaniýanyň ýokary okuw jaýlarynyň wekilleri 19-25-nji ýanwar aralygynda dowam etýän saparyň çäginde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlary we talyplary üçin hünär kämilleşdiriş okuw sapaklaryny geçidiler


Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knyazlygyna iş saparyny amala aşyryp, Şazada Alber II bilen geçiren gepleşikleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykaryljakdygynyň subutnamasy boldy


ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) we Türkmenistanyň Hökümeti ýurtda ýerli öz-özüňi dolandyryşy kämilleşdirmek maksady bilen Tegelek Stol duşuşygyny geçirdiler


Donald Tramp prezident hökmünde Saud Arabystanyñ mirasdüşer şazadasy bilen ilkinji telefon arkaly gepleşigini geçirdi. Bu ýurt amerikaly prezident tarapyndan sapar üçin hem ilkinji ýurt hökmünde saýlanmagy mümkin.


EDI (maglumatlaryň elektron alyş-çalşygy) – kompaniýalara sanly görnüşde resminamalary we maglumatlary alyşmaga mümkinçilik berýän tehnologiýa bolup, ol sargyt, üpjün etmek we hasaba almak işlerini ep-esli derejede aňsatlaşdyrýar. Sanlylaşdyrma geçmegiň çalt ösýän şertlerinde şeýle ulgamlaryň ornaşdyrylmagy işewürligi netijeli alyp barmak üçin örän möhüm bolup durýar.


Brýusseldäki Sablon medeni merkezinde ýerleşýän abraýly MUSE galereýasy 22-nji ýanwarda “Civilisations: Winter Edition” atly serginiň çäginde türkmen sergisiniň dabaraly açylyşyny geçirdi. Ýelena Haritonowa tarapyndan döredilen “European Central Asian Creative Allianc” we “Keşde” döredijilik studiýasynyň ýolbaşçysy Şeker Akynyýazowanyň goldawy bilen gurnalan bu çäre Brýusseliň medeni durmuşynda möhüm waka boldy


Ýakynda Nýu-Ýorkdaky medeni çäreleriň mahabatlaryny ýerleşdirýän birnäçe saýtda "Magtymguly Pyragy" atly filmi görkeziljekdigi barada maglumat peýda boldy. Bu görkeziliş, Manhettende ýerleşýän 36 gatly Türkewi Türk Öýüniň binasynda geçiriler. Bildirişler ähli sungat we kino muşdaklaryny, 21-nji ýanwarda geçiriljek medeni agşama çagyrdy. Bu agşamda, "Gorkut Ata" Halkara kino festiwalynyň baş baýragyna mynasyp bolan hem-de Özbegistan bilen Türkmenistanyň kinematografistleriniň bilelikdäki işi bolan "Magtymguly Pyragy" filmi görkezildi