

Aşgabatda süýt kombinaty gurlar
Aşgabatda dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýylda 7 500 tonna süýdi hem-de 1 500 tonna çenli guradylan süýdi gaýtadan işleýän süýt kombinatynyň gurulmagy meýilleşdirilýär.


Aşgabatda dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýylda 7 500 tonna süýdi hem-de 1 500 tonna çenli guradylan süýdi gaýtadan işleýän süýt kombinatynyň gurulmagy meýilleşdirilýär.


ABŞ-nyň öňki prezidenti Jimmi Karter ýekşenbe güni 100 ýaşynda aradan çykdy. Onuň aradan çykmagy bilen häzirki prezident Jo Baýden we ýurduň saýlanan baştutany Donald Tramp öz gynançlaryny beýan etdiler.


Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň ähli dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.


28-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň Baş arçasynyň ýanynda guralýan baýramçylyk dabarasyna gatnaşdy hem-de bagtyýar ýaşajyk türkmenistanlylaryň şatlygyna goşuldy. “Älem” medeni-dynç alyş merkezi, Watanymyzyň dürli künjeklerinden iň zehinli we ýiti çagalaryň ýygnanan jadyly ertekisine öwrüldi


Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gurbanguly Berdimuhamedow 28-nji dekabrda Arkadag şäherinde bolup, bu ýerde iş maslahatyny geçirdi we täze şäheriň ösüşiň ähli ugurlaryny öz içine alýan giň gerimli özgerişleriň gidişi bilen tanyşdy


Ýolagçylaryñ daşalmagy Moskwa-Stambul böleginde üçünji tarap daşaýjynyñ çekilmegi bilen Moskwa-Stambul-Aşgabat alternatiw ugur boýunça amala aşyrylar. Bu barada awiakompaniýa sosial ulgamlarda habar berdi.


Şenbe güni paýtagtyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Hytaýyň ilçihanasy tarapyndan gurnalan “Hytaýyň tagamyndan lezzet almak – medeniýetiň gözelligini gözlemek” atly dabaraly kabul edişlik geçirildi. Täze 2025-nji ýyly garşy almaga we Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan bu çäre myhmanlara Çynma-çynyň baý mirasy bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi


Günorta Koreýanyň Muan şäherinde Boeing 737 ýolagçy uçarynyň heläkçiligi netijesinde 179 adam pida boldy, diňe iki adam diri galdy diýip, “Renhap” agentligi habar berýär


Beýik akyldar we türkmen şyyrýetiniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Mary welaýatynyň sungat işgärleri, nusgawy şahyryň eserini öwrenijiler Owganystanyň Hyrat şäherine baryp gördüler


28-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy


Aşgabatda mümkinçilgi çäkli adamlar üçin ýaşaýyş jaý toplumynyň dabaraly açylyşy boldy. 30-dan gowrak maşgala täze, amatlyklary bolan jaýlaryň açarlaryny aldy


Dünýäniñ iñ köp ýurtlaryna uçuşlary amala aşyrýan awiakompaniýasy hökmünde 2012-nji ýyldan bäri bu ady saklap gelýän Turkish Airlines (THY) awiakompaniýasynyñ bu üstünligi Ginnesiñ rekordlar kitabyna bellige alyndy. THY Ginnesiñ rekordlar kitabyna "Iñ köp ýurtlara uçuşlary amala aşyrýan awiakompaniýasy" ugur boýunça öz adyny girizdi.


240 ýyldan gowrak Birleşen Ştatlaryň nyşany bolan ak başly bürgüt ýurduň resmi milli guşy boldy. Degişli resminama Jo Baýden gol çekdi. Ak başly bürgüdiň nyşany ABŞ-nyň döwlet resminamalarynda 1782-nji ýyldan başlap ulanylyp başlandy.


Daşoguz şäherinde 400 orunlyk häzirki zaman enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş we sagaldyş merkeziniň gurulmagy meýilleşdirilýär.


"Türkmenistan" awiakompaniýasy 2024-nji ýylyň 30-njy dekabryndan 2025-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli Aşgabat – Moskwa – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli gatnawlaryň ýatyrylýandygyny ýolagçylara habar berdi.