Habarlar

Pan Gi Mun Türkmenistanyň parahatçylyga we durnukly ösüşe goşandy barada bellediPan Gi Mun Türkmenistanyň parahatçylyga we durnukly ösüşe goşandy barada belledi

Pan Gi Mun Türkmenistanyň parahatçylyga we durnukly ösüşe goşandy barada belledi

17-nji fewralda Seul şäherinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Koreýa Respublikasyndaky Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi B.Durdyýewiň hem-de Assambleýa Prezidenti we Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň Geňeşiniň Başlygy (GGGI), BMG-niň sekizinji Baş sekretary Pan Gi Munuň duşuşygy geçirildi. Bu barada türkmen ilçihanasynyň sosial ulgamlaryndaky sahypasynda habar berilýär.